Çip önümçiligine 90 milliard ýewro çekdi

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen geçen ýyl güýje girizilen çip önümçiligine goldaw bermegi maksat edinýän kanun sebäpli 90 milliard ýewrodan gowrak maýa goýumyň çekilendigini mälim etdi. Ýewropa ýurtlary pandemiýa döwründe ýüze çykan çip ýetmezçiligini aradan aýyrmak hem-de global ýarymgeçiriji bazaryndan has köp paý almak maksady bilen önümçiligi ýola goýjak kompaniýalara ýeňillik döredýän kanun teklibini taýýarlapdy.

Lýaýen çip kanuny bilen Ýewropany ýarymgeçirijileriň barlagynda, dizaýnynda, synagynda we önümçiliginde öňdebaryjy ýagdaýa getirmek isleýändiklerini aýdyp, bu kanunyň resmi ýagdaýda şu ýylyň güýzünde güýje girýändigini, emma muňa garamazdan, eýýäm maýa goýumlaryň artandygyny aýtdy. Ýewrokomissiýanyň başlygy geçen ýylyň fewralynda çip önümçiligine goldaw berýän kanuny teklip edendiklerini belledi.

Ol Polşada ýarymgeçirijileri gaplamak we synagdan geçirmek üçin 12 milliard ýewro, Germaniýada dünýäde ilkinji gezek guruljak iki uly zawod üçin 30 milliard ýewro maýa goýumyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.Onuň sözlerine görä, Irlandiýa, Ispaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlarda hem çip önümçiligi üçin maýa goýumlar özleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Putin Bombalamagy Bes Etsin, Ýaraşyk Gepleşikleri Başlasyn
ÝB Russiýa garşy almaz söwdasyny hem öz düzüminde jemleýän 12-nji sanksiýa bukjasyny kabul etdi
Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar
COP28: Ýewropa Bileleşigi täzelenip bilýän energiýa bil baglaýar
Ýewropa Bileleşigi we Kanada “Ýaşyl Bileleşigi” döretmek barada ylalaşdylar
Mikroçiplere garaşlylygy azaltmak isleýär