Coddy programmirleme mekdebi kompýuter oýunlarynyň 3D işläp düzme tehnologiýalary boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar

Coddy programmirleme mekdebi kompýuter oýunlarynyň 3D işläp düzme tehnologiýalary boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar

Iş Nokady kompaniýasy we Coddy halkara çagalar programmirleme mekdebi ähli isleg bildirýänleri Oýunlar üçin 3D modelleri işläp düzmek temasy boýunça nobatdaky ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.

Kompýuter oýunlary gündelik durmuşyň we güýmenjeleriň aýrylmaz bölegine öwrüldi, 3D modelirleme tehnologiýalary bolsa häzirki wagtda ähli pudaklarda diýen ýaly binagärlikde we dizaýnda, senagatda, kinoda, lukmançylykda, mahabatda, marketingde we beýleki ugurlarda peýdalanylýar. 3D modelini işläp düzmek taslamany müşderä amatly hödürlemäge, geljekki obýektiň, hatda ol başlangyç tapgyrda bolsa-da, işleýiş aýratynlyklaryna we daşky görnüşine baha bermäge mümkinçilik berýär.

Ussatlyk sapagynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar 3D oýunlaryny ara alyp maslahatlaşmak, 3D obýektleri öwrenmek we Lua programmirleme dilinde skript ýazmakda öz güýçlerini synap görmek teklip ediler.

Ussatlyk sapagy 28-nji aprelde sagat 19:00-da Berkarar işewürlik merkeziniň 1-njy gatynda ýerleşýän Iş Nokady kompaniýasynyň ofisinde geçiriler.

Girişiň bahasy 50 manat, öňünden şu salgy boýunça ýa-da (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92 telefonlary arkaly bellige alynmak zerurdyr. Orunlaryň sany çäklidir.

Ýene degişli makalalar

Yklymyň täze çempiony
Coddy halkara programmirleme mekdebi okuwçylary Roblox Studio kurslaryna kabul edýär
Şu ýyl türkmen işewürleriniň Italiýa okuw sapary guralar