Coddy programmirleme mekdebinde Häzirki zaman dünýäsinde robototehnika atly temadan Açyk gapylar güni geçirilýär

Coddy programmirleme mekdebinde Häzirki zaman dünýäsinde robototehnika atly temadan Açyk gapylar güni geçirilýär

17-nji noýabrda Coddy programmirleme mekdebinde robototehnika bagyşlanan Açyk gapylar güni geçiriler.

Häzirki zaman dünýäsinde robototehnika barada programmirleme mekdebiniň häzirki mentory Ýakup Mätiýew çykyş eder. Ol Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini tamamlamak bilen, bu ugurda çagalar bilen işlemekde iki ýyldan gowrak tejribä eýedir.

Robototehnika — bilimleri, programmirleme başarnyklaryny, mehanikany, elektronika we dizaýn endiklerini birleşdirýän ylymdyr. Bu ylmyň esasy wezipesi robotlara daşky gurşaw bilen özbaşdak täsirleşmäge we çylşyrymly meseleleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän algoritmleri döretmekdir.

Açyk gapylar gününe geljekler robotlaryň nämeden durýandygyny we olary işletmek üçin haýsy programma üpjünçiliginiň zerurdygyny öwrenerler.

Açyk gapylar güni 17-nji noýabrda sagat 18:00-da şu salgyda geçiriler: Berkarar işewürlik merkezi, 1-nji gat, A7, Iş Nokady merkeziniň ofisi. Giriş tölegsiz.

Gatnaşmak üçin şu salgylanmada hasaba alynmak zerurdyr.

Habarlaşmak üçin: (+993 63) 42 67 51; (+993 63) 47 11 92.

Ýene degişli makalalar

Ýaş türkmenistanlylar robototehnika boýunça okuwlara çagyrylýar
Coddy programmirleme mekdebi robototehnika boýunça ussatlyk sapagyny geçirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Robot dirižýor orkestri alyp bardy
Günorta Koreýada 16 robot-ofisiantly restoran işleýär
Tohum ekýän robotlar ulanylýar