COP-28 maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Global Metan Borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi

COP-28 maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Global Metan Borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow, hasabatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmaga taýýarlyk görmek, forumyň barşynda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Garaşylyşy ýaly, СOP-28 maslahatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy ädimleriň biri hökmünde Global Metan Borçnamasyna (GMP) goşulmak meselesine dünýäniň iri döwletleriniň ünsi çekiler.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini açmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda Türkmenistan Global Metan Borçnamasy baradaky başlangyjy goldaýandygyny mälim etdi we Türkmenistan tarapyndan onuň jikme-jik öwrenilmegine gyzyklanma bildirildi. Şol günden başlap, degişli maksadalaýyk işler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň 2-nji iýunynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň 2023-2024-nji ýyllar üçin Global Metan Borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasy tassyklanyldy. Şeýle hem bu ulgamda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) bilen bilelikde degişli işler amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Global Metan Borçnamasyna (GMP) dünýäniň 150-ä golaý döwleti goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, COP-28 maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Global Metan Borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi.Bu meselä şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde seredildi. Şeýle-de Global Metan Borçnamasynyň şertlerini milli derejede ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar we hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etmek teklip edilýär.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, COP-28 maslahatynda kabul ediljek resminamalar seljerildi. Şundan ugur alnyp, olaryň birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň COP-28 maslahatynyň çäklerinde 3-nji we 10-njy dekabr aralygynda geçiriljek ýokary derejeli degişli çärelere gatnaşmagyna degişli teklip beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň 28-nji mejlisinde kabul ediljek resminamalaryň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutany gatnaşýan taraplar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY HEREKETLERIŇ GÜN TERTIBINIŇ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ÝOLUNDA
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY HEREKETLERIŇ GÜN TERTIBINIŇ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ÝOLUNDA
"Türkmengazyň" başlygyna, baş prokurora berk käýinç, soňky duýduryş berildi. Hökümetde nämeler bolýar?
Serdar Berdimuhamedow COP26 halkara maslahatda Türkmenistanyň başlangyjyny beýan etdi
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY HEREKETLERIŇ GÜN TERTIBINDE TÜRKMENISTANYŇ ÄHMIÝETLI BAŞLANGYÇLARY BEÝAN EDILDI
Howanyň üýtgemegine garşy hereketleriň gün tertibinde Türkmenistanyň ähmiýetli başlangyçlary beýan edildi