COP28: Ýewropa Bileleşigi täzelenip bilýän energiýa bil baglaýar

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda birnäçe şertnamalar baglaşyldy. Dünýädäki 50 nebit kompaniýasy 2050-nji ýyla çenli uglerodyň bitaraplygyny gazanmagy we metanyň zyňyndylaryny nola çenli azaltmagy maksat edinýär. Bu kompaniýalar dünýädäki nebit çykaryşynyň ýarysyna golaýyny emele getirýär.

Beýleki tarapdan, 116 ýurt özara ylalaşyp, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatyny üç esse we energiýa netijeliligini iki esse ýokarlandyrmagy öz üstüne aldy. Gol çekenleriň arasynda ABŞ, Kanada, Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşigi bar. Hytaý, Hindistan we Russiýa gol çekmekden saklandy.

Ýewropa Bileleşigi ýakyn iki ýylda “goňşy ýurtlarda we bütin dünýäde” energiýa geçişini goldamak üçin 2,3 milliard ýewro maýa goýmagy wada berdi. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen mälim etdi.

-Biz has köp täzelenip bilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmaly we zerur önümleri we hyzmatlary öndürmek üçin az energiýa sarp etmeli. Dünýäde iň arzan energiýa çeşmesi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesidir diýip, Ursula fon der Lýaýen aýtdy.

118 ýurt 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatyny üç esse artdyrmagy wada berdi. Mundan başga-da, 123 ýurt Howa we saglyk boýunça COP28 Jarnamasyna gol çekdi. Bu başlangyç saglygy howanyň üýtgemegine garşy göreşiň üns merkezinde goýýar we zyňyndylaryň azaldylmalydygyny talap edýär, ýöne düýp sebäbini – gazylyp alynýan ýangyjyň ulanylmagyny bes etmegiň zerurlygyny agzamaýar.

Ýene degişli makalalar

Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar
Ýewropa Bileleşigi we Kanada “Ýaşyl Bileleşigi” döretmek barada ylalaşdylar
ÝB Russiýa garşy almaz söwdasyny hem öz düzüminde jemleýän 12-nji sanksiýa bukjasyny kabul etdi
10 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýär
Mikroçiplere garaşlylygy azaltmak isleýär
Täze global maliýe şertnamasy boýunça sammit