Coralfly kompaniýasy oba hojalyk tehnikalary we ýeňil ulaglar üçin süzgüçleri hödürleýär

Coralfly kompaniýasy oba hojalyk tehnikalary we ýeňil ulaglar üçin süzgüçleri hödürleýär

Coralfly kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory oba hojalyk tehnikalary hem-de ýeňil awtoulaglar üçin niýetlenen süzgüçleriň köpdürli görnüşlerini alyjylara ýetirýär.

Bu kompaniýa Hytaýyň süzgüç öndürýän iň iri kärhanalarynyň biridir. Kompaniýa oba hojalyk, gurluşyk we ýük tehnikalary, şeýle hem ýeňil awtoulaglar, deňiz gämileri hem-de hatda gazturbinaly elektrostansiýalar üçin niýetlenen süzgüçleri öndürýär. Coralfly kärhanasynyň önümleri Russiýa, Ýewropa ýurtlaryna, ABŞ-a hem-de beýleki sebitlere eskport edilýär.

Coralfly süzgüçleri kämilleşdirilen ýokary hil häsiýetnamalary we ygtybarlylygy bilen tapawutlanyp, ISO 9001, ISO 14001, OHSAS 18001 standartlary hem-de beýleki köp sanly şahadatnamalar bilen kepillendirilendir.

Ýokary hil derejesine eýe bolan Coralfly brendiniň önümleri bahalarynyň amatlylygy bilen amerikan we ýewropa süzgüçleriniň gowy alternatiwasy bolup biler.

Brendiň Türkmenistandaky wekili John Deere we CLAAS ýaly oba hojalyk tehnikalarynyň we Toyota awtoulaglarynyň süzgüçleriniň ähli görnüşlerini müşderilere hödürleýär. Geljekde bolsa bu ugurda Türkmenistana gurluşyk we ýük awtoulaglary üçin niýetlenen süzgüçleriň getirilmegi ýola goýlar.

Hyzmatdaşlyk etmäge hem lomaý, hem bölekleýin alyjylar çagyrylýar.

Lomaý alyjylar harytlaryň görnüşleri bilen kärhananyň şu salgydaky ofisine baryp tanşyp bilerler: Aşgabat ş., Taslama köçesi, 101-nji jaý (Gül Zemin SDAM-yň garşysynda).

Bölekleýin alyjylar üçin bolsa şu salgydaky açykdyr: A.Gönübek köçesi (Garantiýnaýa), 103-nji jaý, 2-nji gat, № 2/02.

Coralfly kärhanasynyň beýleki maglumatlary:

Şeýle-de Coralfly kompaniýasynyň resmi wekili Ýakyndar awtoulag harytlarynyň internet dükany bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

24.04.2018 | Türkmen-özbek işewürler maslahaty
Türkmen-özbek işewürler maslahaty
“Astoria Garande” Gämisi Üçünji Gezek Amasra Geldi