COVID-19 alamatlary bolan ýaş näsaglara pnewmoniýa, garrylara ýürek ýetmezçiligi diagnozy goýulýar

COVID-19 alamatlary bolan ýaş näsaglara pnewmoniýa, garrylara ýürek ýetmezçiligi diagnozy goýulýar

Türkmenistanyň welaýat hassahanalaryna COVID-19 keseliniň alamatlary bolan näsaglaryň alnyp barylmagy dowam edýär. Köpüsiniň ýagdaýy agyr. Ölüm ýagdaýlary hem bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de, saglyk edaralary birin-birin karantin edilýär ýa-da ýer bolmansoň näsaglary kabul etmegi bes edýär. Bu barada 17-nji dekabrda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary gürrüň berdiler. Resmi taýdan COVID-19 ýurtda henizem ýok.

Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Murgap, Baýramaly, Ýolöten etraplarynda we Mary şäherinde ýokary gyzgyn, agyr üsgülewük, demgysma ýaly alamatlar bilen hassahanalara ýüz tutuýan halatlary köp bolýar. Baýramalyda hassalaryň arasynda ölüm derejesi ýokary.

Iň agyr ýagdaýyndaky näsaglar Ýolöteniň ýokanç keseller hassahanasyna iberilýär. Sakarçäge we Murgap ýokanç keseller hassahanalarynda adam köp bolansoň, olar hassalary kabul etmeýär. Medisina kömegi üçin ýüz tutýanlar bu pursatda "Melhem" şypahanasyna iberilýär.

Mary welaýatyndaky hassahanalar noýabr aýynyň ahyrynda ýapylyp başlanypdy. Marydaky ýokanç keseller hassahanasynyň karantine ýapylmagyndan soň, Sakarçäge etrabyndaky ýokanç keseller hassahanasy hem dekabr aýynyň başynda hassalary kabul etmegini bes etdi.

Ýurduň çäginde koronawirusyň bolup biljegini inkär edýän türkmen häkimiýetleri hassahanalarda näsaglaryň köpdügi, keselhanalaryň ýapylmagy, testleriň netijesi we ölüm ýagdaýlary barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Azatlyk bilen anonim gürleşen lukmanlar synaglaryň geçirilýändigini, ýöne netijeleriň galplaşdyrylýandygyny öňe sürýärler. Keselhanalarda koronawirus hakda gürlemek gadagançylygy saklanýar.

Saglyk edaralaryň işgärleriniň gürrüň bermegine görä, koronawirusyň bardygy test arkaly tassyklanan hassalaryň ölýän ýagdaýynda garrylara köplenç ýürekdäki kemçilikler, ýaşlara pnewmoniýa diagnozyny goýýarlar. Bu aralykda keselhanalara düşýän adamlaryň köpüsiniň testleri COVID-19-yň bardygyny görkezýär. Keselhanalara agyr hassalar we bejergi üçin pul töläp bilýänler ýerleşdirilýär.

Lukmanlar keselhanalarda keseliň ýokaşmak howpunyň uludygyny aýdýarlar. Azatlygyň habarçylary näsaglaryň sanynyň köpelýän wagtynda COVID-19 testleri oňyn netije beren lukmanlaryň köpdügini habar berýärler.

Lukmanlar, şepagat uýalary we beýleki işgärler Türkmenistandaky keselhanalarda günde kesel bolýarlar diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky korrespondentleri habar berýärler. Ýokary gyzgyn, güýçli üsgülewük, dem gysma ýaly alamatlary bolan näsaglaryň ençemesiniň testleri COVID-19-yň bardygyny görkezýär.

15-nji dekabrda, ýurduň gündogarynda, Lebap welaýatynda Türkmenabadyň Köpugurly klinikanyň tutuş bir bölegi karantin edildi.

16-njy dekabrda Azatlygyň habarçysy bir günüň dowamynda 100 çemesi adamyň hassahananyň "C" blogyna ýerleşdirilendigini we şeýlelik bilen boş ýerleriň tas ählisini doldurýandygyny aýtdy. Kabul edilenleriň köpüsi öýünde bejergi alyp, soň haly has erbetleşensoň keselhana düşen adamlar.

Bu aralykda Türkmenistanyň gonamçylyklarynda jaýlanýanlaryň sany köpelýär we täze mazarlar gazylýar. Polisiýa gonamçylyklarda gözegçilik edýär.

COVID-19 alamatlary bilen dowam edýän köpçülikleýin keseliň bardygyna garamazdan, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýärler. 13-nji noýabrda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, COVID-19 keselini hem bejermek üçin niýetlenen täze ýokanç keseller hassahanasyny Ahal welaýatynda atasynyň dogduk obasynda açydy we şonda koronawirusyň ýokdugyny ýene bir gezek gaýtaldy hem muny "uly üstünlik" diýip atlandyrdy.

Şol bir wagtyň özünde, "COVID-19-dan erkin" ýurtda koronawirusa garşy berk çäreler girizilýär. Polisiýa maskasyz adamlary tutýar, sebitleriň arasynda otlylaryň, awtobuslaryň we taksileriň hereketi togtadyldy, howa gatnawy azaldy.

Prezidentiň koronawirusyň ýoklugy barada eden şol soňky beýanatyndan soň karantin çäklendirmeleri azyndan 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar
Türkmenistanda saglyk işgärleriniň zahmet haky azaldy
Azatlygyň habaryndan soň, saglyk işgärleriniň kemeldilen aýlygy artdyryldy
Türkmenistanda dümew ýaýraýar, Maryda gonamçylyklarda çaga mazarlary köpelýär
Paýtagtda we Balkanda dem alyş keselleri ýene ýaýraýar
Keselhanalardaky mugt derman gytçylygy we häkimiýetleriň peýdasy'