COVID-19: Delta ştammy ýaýraýar, ölýänler köpelýär. Maryda ýene bir oba karantine ýapyldy

COVID-19: Delta ştammy ýaýraýar, ölýänler köpelýär. Maryda ýene bir oba karantine ýapyldy

Türkmenistanda koronawirusyň delta görnüşiniň giňden ýaýramagy bilen, wirusa ýolugýanlaryň we ondan heläk bolýanlaryň sany artýar.COVID-19-yň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanda keselhanalar, hat-da tutuş obalar hem karantine ýapylýar.

Hassahanalar syrkawlaryň akymyna döz gelip bilmän, näsaglary geçelgelerde ýerleşdirýärler, emma köp halatlarda olary kabul etmekden ýüz öwürýärler.Bu aralykda, Lebapda käbir gaz edaralary diňe waksina sanjymyny etdiren işgärleriň işe goýberiljekdigini duýdurýarlar.

“Aşgabat başagaýlykda... Ähli keselhanalar syrkawlardan doly, ölýänler hem köp. Ähli ýaşly adamlar, şol sanda ozal waksina sanjymyny urduranlar hem keselleýärler. 30-njy mikroraýonda syrkawlar has köp.Wirus juda agyr geçýär, köplerde demgysma döreýär.

Keselhanalar nähoşlary kabul etmeýärler, gidiň öýüňizde bejergi alyň’ diýip goýberýärler.Ozalky Gyzyl haç’ keselhanasynda hassalary geçelgelerde ýerleşdirýärler.Lukmanlaryň özleri hem juda aljyraňňy ýagdaýda” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri 19-njy awgustda habarçymyza paýtagtdaky ýagdaýlary gürrüň berdi.

Habarçymyz Aşgabatda soňky günleriň dowamynda wirus bilen bagly birnäçe ölüm ýagdaýyny hem tassyklatmagy başardy.

Bu aralykda, koronawirusyň ýurtdaky esasy ojaklarynyň biri bolan Maryda ýene-de bir oba karantine ýapyldy. Mundan öň, Azatlyk sebitdäki birnäçe keselhana bilen birlikde, Wekilbazar etrabynyň Garajaköw obasynyň hem karantine ýapylandygyny habar beripdi.

“Indi Murgap etrabynyň Kuýgyş obasyny hem karantine ýapdylar. Welaýatyň beýleki sebitlerinde hem bolşy ýaly, Kuýgyşda-da wirusyň delta görnüşi bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň sany günsaýyn artýar. Her gün agyr ýagdaýdaky onlarça adam Tiz kömek ulaglary bilen welaýatyň ýokanç keseller hassahanasyna äkidilýär” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 19-njy awgustda Marydaky habarçymyza gürrüň berdi.

Sebite sapar edip gören habarçymyz regiona günde iki wagtyna hlor sepilýändigini hem anyklady.

“Daşarda hloryň ýiti ysy burnuňa urýar.Gijelerine köçeleri hlor bilen işleseler, ir sagat 6-lar töweregi bu himiki jisimi uçardan sepýärler. Ýokardan sepilýän hlor sebäpli, ekinler guraýar, ýetişen gök-önümleriň ýüzünde dermanlaryň ak tegmilleri görnüp dur” diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň biri habarçymyza aýtdy.

Ol maşgala lukmanlaryna her gün obanyň içine aýlanyp, adamlaryň gyzgynyny ölçemek tabşyrylandygyny hem sözüne goşdy.

Habarçymyz agyr ykdysady krizis sebäpli onsuz hem gurpdan düşen Kuýgyşyň ýerli ilatynyň, obanyň karantine ýapylmagyndan soň, gündelik iýjek çöreginiň hem uly meselä öwrülendigini belledi.

“Döwlet dükanlaryna degişlilikde arzan satylýan harytlaryň getirilmegi bes edildi. Un paýoklary hem berilmeýär. Köp hojalyklara iýjek çöregi alada” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, hassalaryň akymyna döz gelip bilmän Marynyň Nyýazow adyndaky keselhanasy hem karantine ýapyldy. Mundan ozal, Mary welaýat ýokanç keseller, Ýolöten we Murgap etraplarynyň ýokanç keseller hassahanalary hem karantine ýapylypdy.

“Nyýazow [adyndaky] keselhanada wirusyň ýeňil alamatlary bolan hassalar saklanýar. Syrkawlaryň ýagdaýlary erbetleşip başlasa, olary welaýatyň ýokanç keseller hassahanasyna iberýärler. Emma ol ýere soňundan getirilenleriň köpüsi sagalman, heläk bolýar” diýip, ýerli lukmanlaryň biri belledi.

Şol bir wagtda, Lebap welaýatynyň Samandepedäki gaz zawodynda bäş işgärden koronawirus ýüze çykarylandan soň, ýolbaşçylar wahta bilen nobatdaky smenada geljek işgärleriň hökmany waksina sanjymy urdurmalydyklaryny, bolmasa olaryň zähmet ýerlerine goýberilmejekdigini duýdurýarlar.

“15-nji awgustda wahta bilen gelen waksina etdirmedik işgärleriň birnäçe toparyny yzyna ýolladylar. Munuň yzy bilen, işgärler dessine sanjym etdirmek üçin saglyk öýlerine ýüz tutdular. Emma waksinanyň diňe raýatyň hasaba alnan sebitindäki keselhanada urulýandygy, köp ýerlerde waksinanyň ýoklugy sebäpli, işgärleriň aglabasy dessine sanjym etdirip bilmeýärler” diýip, Lebabyň Dänew etrabynyň ýaşaýjysy 19-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol munuň korrupsiýa amallaryna hem ýol açýandygyny sözüne goşdy.

“Dänewe niýetlenen waksinalaryň ählisi Faraba iberildi. Meniň ýaşaýan sebitimiň saglyk öýlerinde häzir waksinanyň ýokdugyny aýdýarlar. Faraply işgärleriň hem sanynyň köplügi sebäpli, olara hem waksina ýetmeýär. Şol sebäpli, Türkmenabada gatnap, şol ýeriň saglyk merkezlerinde 300 manat para berip waksina urdurýarys, bolmasa lukmanlar sanjym etmekden ýüz öwürýärler” diýip, gaz pudagynyň işgäri belledi.

Bu aralykda, Lebapda koronawirus çäklendirmeleriniň fonunda ýurduň beýleki künjeklerindäki, esasan hem Aşgabatdaky ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen talyplar okamaly sebitlerine äkidilip başlandy.

“Türkmenabadyň 4-nji we 2-nji saglyk öýlerinde talyplaryň testlerini alnyp, 72 sagadyň dowamynda, degişli uniwersitetden gelen jogapkär işgäriň garamagynda, ýörite awtobus bilen Aşgabada aşyrýarlar. Olar Aşgabada baranda hem bir hepde töweregi karantinde saklanar. Golaýda Marynyň energetika institutyna kabul edilen talyplar hem äkidildi” diýip, ýerli bilim işgärleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan, şeýle-de degişli sebitleriň häkimliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri öz serhet çäklerinde COVID-19-yň ýokdugyny tekrarlap, ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpelýändigi, keselhanalaryň, hatda tutuş sebitleriň hem karantine ýapylýandygy barada Azatlykda we garaşsyz neşirlerde çykýan maglumatlary kommentirlemeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

COVID-19: Türkmenabadyň etrapçalarynda merhumyň hatyrasyna berilýän sadakalar görnetin köpelýär
Saglyk pudagyndaky gözgyny ýagdaýyň’ fonunda Türkmenistan saglyk işgärleriniň gününi belleýär
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Iň köp dil bilýän adam
Lebabyň Farab şäherindäki mekdebiň binasy ýandy
Farabyň ot alan mekdebiniň okuwçylary wagtlaýynça beýleki mekdeplere gatnar