CS:GO boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2022 ýaryşynyň ýeňijisi belli boldy

CS:GO boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2022 ýaryşynyň ýeňijisi belli boldy

Counter-Strike: Global Offensive kompýuter oýny boýunça Türkmenistanyň Kubogy — 2022 ýaryşynda Aşgabat şäheriniň Galkynysh Esports topary ýeňiş gazandy. Ýaryşyň final tapgyrynda olar Garagum toparyndan 3:0 netije bilen üstün çykdylar.

Şunlukda elektron oýnunyň türgenleriniň ýeňşi olara 15 000 manat möberdäki pul baýragyny bagyş etdi.

Toparyň düzüminde Alensandr Akimow, Meret Welmyradow, Marat Koçkarow, Mark Nasibulin, Yslam Nepesow we Begenç Mürzäýew dagy çykyş etdi. Bu topar ýaryşyň bütin dowamynda ýeke gezek hem ýeňilmedi.

Umumylykda, ýaryşda birinji, ikinji hem-de üçünji orunlara eýe bolan toparlar 30 000 manat möçberdäki baýragy özara paýlaşdylar. Netijede, Garagum topary 10 000 manat, Tormenta topary bolsa 5 000 manat baýraga mynasyp boldy.

CS:GO boýunça Türkmenistanyň Kubogy — 2022 ýaryşy 6 — 12-nji iýun aralygynda geçirildi. Ýaryşa 22 sany türkmen topary gatnaşdy.

Ýaryş Türkmenistanyň elektron sport federasiýasy we AT Cybersport tarapyndan guraldy.

Ýaryşyň wideoýaýlymyny şu ýerden görüp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Izmirde Halkara marafon geçiriler
Türkmenistan Gyrgyzystana bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmegi teklip etdi
Türkmen-gyrgyz işewürlik forumy geçiriler
ABŞ noýabrda ätiýaçlyklaryndan 10 mln barrel nebit satar
Duşenbe 'hormat' isleýär, Astana Russiýadan gidýän kompaniýalara 'geliň' diýýär, Aşgabat biznes üçin açykdygyny’ aýdýar