Dagdan agajyndan ýasalýan şaý-sepler

Dagdanlar diňe kümüşden altyn çaýylyp, ýasalman, eýsem, ony gadymy döwürlerde dagdan agajyndan hem ýasap dakynypdyrlar.Kümüş görnüşinde ýasalan dagdanlardan başga-da, dagdan agajyndan ýasalan dagdanlaryň bardygyny hem belläp geçmek gerek.

Dagdan agajyndan ýasalan dagdanjyklaryň gözden-dilden goraýandygyna yrym edilipdir.Muňa dagdanyň juda berk bolmagy sebäp bolupdyr.Dagdan agajy tebigatda juda seýrek duş gelýär. Şeýle bolansoň, bu agaç adamlaryň gözünde has-da güýçlenipdir.

Adatça dagdandan çopanlar, awçylar dürli şekilleri ýasapdyrlar.Olaryň ýasan şekilleri ömür daragtynyň we ony goraýan şahly jandarlarynyň şekilleridir.Dagdanlar dürli görnüşde ýasalyp, ony ýaş çagalardan garrylara çenli dakynypdyrlar.

Dagdanjyklaryň aýratynlygyna garamazdan zenan maşgalalaryň hemmesi çagajyklaryna dakyp, ony mukaddes zat hökmünde gorapdyrlar.

Türkmen halky yrymlara ynanjaň halk bolansoň milli şaý-sepleri dakynmaklarynyň sebäbi öz ojaklaryny goramak şeýle hem jan saglyklary üçin peýdaly bezeg üçin dakynypdyrlar.Türkmeniň milli bezeg şaýlarynyň hemmesi diýen ýaly sünnälenilip ýasalypdyr.

Dürli şaýlary diňe gözden-dilden goraýandygyna ynanylyp däl-de, bezeg hökmünde hem dakynypdyrlar.Bezeg şaýynyň biride dagdandyr.Bu şaý türkmeniň däp-dessuryna degişlidir.Türkmen bezeg şaýlarynyň hemmesi diýen ýaly kümüşden altyn çaýylyp ýasalypdyr we hakyk, emeli hakyk, pöwrize, dürli aýna gaşlar oturdylyp bezelipdir.

Dagdan şaýy gadymy nepis owadan şaýlaryň biridir.Olar biri-birinden tapawutlanýarlar, ýagny ýasalyş usuly, görnüşi, ölçegi, çig maly babatda bir meňzeş däldir.Olaryň birnäçe görnüşleri bar.

Dagdan şaýy iň naýbaşy bezeg şaýy hökmünde goralypdyr we köp ýaýran şaýlaryň biridir.Ony dürli ýaşdaky gelin-gyzlar, çagalar, aýallar dakynýarlar.Dagdany garry aýallar monjugyň arasyna nagdaly edilip dakynypdyrlar.

Onuň ýokarsy üç sany buýnuz şekilinde bolup aşagy tegelenip, onuň ýüzi çyzma, oýma, kesme, deşme nagyşlary we dürli gaşlar bilen bezelýär.

Dagdanlar reňke baý bolany üçin owadanlygy bilen tapawutlanypdyrlar.Dagdanda birnäçe haýwanlaryň şekillerini görmek bolýar.Gadymy Müsürde iň mukaddes haýwanlaryň biri tomzak diýlip hasaplanylyp, dagdany oňa meňzedip, iň bir arassa, işeňňir haýwan hökmünde keramatly haýwan diýlip hasaplanylypdyr.

Dagdanyň şelpeleri gumda yz galdyran tomzaga meňzedipdirler.Mundan başga möjegiň, pyşbaganyň, goçuň şahyny, öküziň we aýynyň şekillerini görmek bolýar.Dagdany synlanyňda onda bir haýwanyň şekili bolman eýsem birnäçe şekilleriniň bardygyna göz ýetirýärsiň.

Köp ýurtlaryň alymlary, sungat öwrenijileri türkmen zergärçilik sungaty öz işlerinde dagdanlar barada beýan edýärler we dagdanlaryň şekilini irki döwürde guşlara meňzedilendigi soň-soňlar has kämilleşendigini belläp geçýärler.

Dünýä ýüzüniň halklary ýaly türkmen halky hem däp-dessurlaryny gorap saklamaga ähmiýet berýär. Türkmen milli şaý-sepleri häzirki güne çenli toýlarymyzyň bezegi bolup, ata-babalarymyzdan miras galan türkmeniň milli şaý-seplerini ýaş nesillerimize öwretmekde ähmiýeti uludyr.

Täzegül ÖWEZMYRADOWA, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Dagystan Türkmenistana un we balyk eksport eder
Türkmen kompaniýalary “Tourism Expo Osaka 2023” sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisi açyldy
Işewürlik daýžest: 24 — 30-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Gimalaýlardaky buzluklar çalt ereýär