Dagystanly şahyryň Garagum derýasy baradaky goşgusy türkmen metbugatynda çap edildi

Dagystanly şahyryň Garagum derýasy baradaky goşgusy türkmen metbugatynda çap edildi

Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Respublikasynda ýaşaýan, dokuz onlugy arka atan şahyr Sažidin Saidgasanow Garagum derýasynyň gurluşygy baradaky ýatlama goşgusy bilen Türkmenistan gazetiniň şu günki ― 26-njy noýabryndaky sanynda çykyş etdi. Goşgynyň tertjimeçisi Orazmyrat Myradow bu barada şeýle ýazýar:

Bu goşgyny Turkmenportalyň okyjylary bilen hem paýlaşýarys:

GARAGUM DERÝASY

Komsomol biledin salyp kisäme, Ýany bilen alyp ýene ýüz manat, Kartadan tanaýan ýurdum idäbem, Ýola çykdym köňül arzuwma tarap.

Aşaga — Staldan Bakuwa çenli, Soň goja Hazaryň geçip üstünden, Deňziň şor suwuna bakyp niçeler, Gyzylsuw şährine baryp düşdüm men.

Soňra otla münüp, ugradym Mara, Gije baryp ýetdim, onsoň ulagda Daňdan bardym 65-lik duralga, Tanyş söz eşdildi meniň gulagma.

Işçileň içinden Seýfudin atly Bir lezgin ýigidi sorady halym. — Nädip düşdüň bärik, haýsy ýel atdy? Asyl, aklyň, kelläň nirede galdy?

Näme hünäriň bar, ne iş başarýaň? — Iki elden özge ýokdur hünärim. — Elleriň bilen, dost, çörekden başga Zat tapyp biljegiň juda gümana,

Maryda mekdep bar, ýörite dersler — Hünär öwredýärler, oka, git-de sen. Okap, hünär alyp, ökdeläp gelseň, Günüň bolmaz asla ýetde-gütde soň...

Dolanyp geldim-de, ýaňadan Mara, Ýörite mekdebiň bardym işigne... Altynsow çöllüge uzakdan garap, Ýaýdandymam başym goşan işimden.

Hudaý diýen ýerim bar eken, hernä, Duşdum ýagşylara Türkmenistanda. Ekezlenip, göwnüm gubara bermän, Hünär öwrenmegi ýürekde besläp,

Gazy gazýan äpet döw ýaly demre Erk etmegi özleşdirdim birkemsiz. Daşyndan maý tapyp, gurnaklarda men Tans oýnadym joşup-joşup lezginçe.

Dersi geçip, aldym hat-petek ele, Wagty geldi, ynha, garaşyň, barýan. Arzuwym hut sende zähmet çekmek meň, Garagum kanaly, Garagum derýa!

Aňňat-aňňat depeleriň içinden Süýnüp barýar ýakymly suw guşagy. Depämden-ä Günüň tygy geçerli, Çäge-de ýatladýar gorly duşagy.

Işde endişe-de bolandyr, dogry, Gop berdiler şonda adamlar maňa. Häsýetim özgerdi gowluga sary, Gussam hem öwrüldi şadyýanlyga.

Zähmetiň gadyryn bildim mazaly, Muny sapak berdi gyzgyn çägelik. Halypam öwretdi dost gazanmagy, Aklyma goşuldy köp-köp täzelik.

Wagtal-wagtal gelip Maryň merkezne, Dynç aldyk eýeläp çaýhanaň böwrün. Ýatdyr onsoň argynlygam, derdiňem, Durmuş ajaýypdyr, giňişdir göwnüň.

Öwrendim türkmeniň milli adatyn, Myhmanparazlygy, adam gymmatyn. Bir maşgala döndi milletleň bary, Maňa sapak boldy, taplandym gaty.

Üsti çäge, asty altyndan doly, Türkmenistan — meň ikinji Watanym. Dagystandan juda alysda ýaly, Ýöne şol ýurt durmuşyma ataran.

Garagum derýasy — deňiz deý gomly, Çöli bag-bakjaly dünýä öwürdi. Tans oýnasym gelip, men ýeňil gopdum, Aýdym aýtmak, şygyr düzmek döwrüdi.

Togsany dolduryp, ýatlaýan şindem Teke bazaryn hem Mary şährini. Dostumyň öýünde palaw bişirnip Oturşymyz, nygmatlary, mährini.

Türkmen doganlarma alysdan salam, Sag bol diýýän saňa tüýs ýürekden men. Maňa hünär berdi, adam çykdym men, Ikinji Watanym — Türkmenistan sen!

Bu goşgyny şahyr Sažidin ýazan, Magtymgulyň gaýybana şägirdi. Dostluk syryn baky kalbyma salan, Türkmenistan, Alla ýalkasyn seni, Deňsiz-taýsyz Ägirdim!

Ýene degişli makalalar

Lebapda ýene gum sowrulyp, tozan turdy
Müsüri çägeli harasat, çabga we tupan basdy
Türkmenistan süýşýän çägelere garşy göreşýär. Gaz ýatagynyň işgärleri gamyşdan böwet örýär
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Çäge heýkelleriniň sergisi
Çägeden nädip jaý gurmaly?