Dana Uaýt Nurmagomedowyň çempionlyk guşagynyň ykbaly barada aýtdy

Dana Uaýt Nurmagomedowyň çempionlyk guşagynyň ykbaly barada aýtdy

Karýerasyny tamamlan russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedow ýeňil agramda UFC-niň çempiony bolmagynda galýar diýip, UFC-iň başlygy Dana Uaýt aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Nurmagomedow 24-nji oktýabrda Abu-Dabide amerikaly Jastin Getjini ikinji raundda demikdiriji emel bilen ýeňip, ýeňil agramdaky çempionlygyny gorapdy we karýerasyny tamamlaýandygyny mälim edipdi. Şondan biraz wagt soň Uaýt rus söweşijisi karýerasyny dowam eder diýip pikir edýändigini aýtdy.

UFC-iň başlygynyň aýtmagyna görä, Nurmagomedow karýerasyny dowam etmek meselesini ejesi bilen maslahatlaşar.

Ýene degişli makalalar

Jeýk Pol Habibiň promouşenine geçmäge razy boldy
Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy
Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar
Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy
Habib Gazagystandaky ýagdaý barada beýanat berdi
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Habib Nurmagomedow UFC-niň Şöhrat zalyna goşuldy