Daniil Medwedew Nowak Jokowiçi ýeňip, US Open-iň ýeňijisi boldy

Daniil Medwedew Nowak Jokowiçi ýeňip, US Open-iň ýeňijisi boldy

Russiýaly Daniil Medwedew ABŞ-nyň tennis boýunça Açyk çempionatynyň finalynda serbiýaly Nowak Jokowiçi utdy. Duşuşyk 25 ýaşly russiýaly türgeniň peýdasyna 6:4, 6:4, 6:4 hasabynda tamamlandy.

Medwedew Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde ikinji orny eýeleýär. Ol “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalynda üçünji gezek oýnady we ilkinji gezek ýeňiş gazandy. 2019-njy ýylda Medwedew US Open-iň finalynda ispaniýaly Rafael Nadaldan, şu ýylyň fewral aýynda Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň finalynda Jokowiçden utuldy.

Dünýäniň ilkinji raketkasy Jokowiç 2021-nji ýylda mundan öň geçirilen “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üçüsinde-de ýeňiji boldy. US Open-de ýeňiş gazanan ýagdaýynda, ol tennis taryhynda bir möwsümde erkekleriň arasynda ýekelikde geçirilen dört “Uly tuwulga” ýaryşynyň ählisinde utan üçünji türgen bolup bilerdi.

Medwedew 16 ýyldan soň “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiş gazanan ilkinji russiýaly türgen boldy. 2005-nji ýylda Awstraliýanyň Açyk çempionatynda Marat Safin utdy. Safin 2000-nji ýylda US Open-de hem ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç US Open-iň finalynda Medwedewden üstün çykdy
Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
US Open-iň baýrak gaznasy ilkinji gezek 60 mln dollardan geçer
Jokowiç US Open-e gatnaşmajakdygyny habar berdi
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär