Daşary işler ministri Hakan Fidan Eýranda saparda bolar

Daşary işler ministri Hakan Fidan Eýranda saparda bolar

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň 30-njy noýabrda Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen birlikde ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen duşuşyk geçirmek üçin Eýrana gitjekdigi habar berildi.

Hakan Fidanyň saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 9-njy maslahaty üçim görülýän taýarlyklar bilen birlikde howpsuzlyk we terrora garşy göreş meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Daşary işler ministri Fidan iki ýurduň 30 milliard dollarlyk özara söwda maksadyna ýetmegi üçin amala aşyryljak işleri hem ara alyp maslahatlaşar.

Sebitara durunuklylyk meselesi saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Ankara Tähranda Gaza, Siriýa we Ysraýylyň sebitdäki hüjümleri bilen birlikde Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesiniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin dialogyň ähmiýetine ünsi çeker.

Saparyň çäginde Russiýa-Ukraina söweşi, Günorta Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar we Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin edilýän tagallalaryň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň soňky maslahaty 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirlipdi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 2025-nji ýylda 6,5 milliard dollara çenli baryp ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Fidan: Türkiye 2026-njy ýylda parahatçylyk we diplomatik tagallalaryny dowam etdirer
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy
Fidan: Eýranda režimi üýtgetmek baradaky çagyryşlar sebitde has howply ssenariýlere elter
Milli Goranmak ministrligi Eýrandan atylan ballistik raketanyň urlup düşürilendigini habar berdi
Daşary işler ministri Fidandan Eýrana: "Türk howa giňişliginiň bozulmagy kabul ederliksizdir" diýdi
Ministr Fidan Er-Riýadda möhüm duşuşyklar geçirdi
Fidan bilen Arakçi sebitde dartgynlylygyň artmagy sebäpli söhbetdeş boldular