Daşary ýurt maýadarlarynyň Türkiyä bolan gyzyklanmasy artýar

Daşary ýurt maýadarlarynyň Türkiyä bolan gyzyklanmasy artýar

Daşary ýurt maýadarlarynyň Türkiyä bolan gyzyklanmasy barha artýar.

Halkara Maýadarlar birleşigi "Halkara göni maýa goýum býulletenini" çap etdi.

Maglumatlara görä, ýanwar aýynda Türkiyä 910 million dollarlyk halkara göni maýa goýum girdi.

Geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 20 göterim ösüş boldy.

Pudaklaýyn esasda magdançylyk we karýer pudagynda iň köp maýa goýum goýulan ugurlar boldy.

Ýanwar aýynda iň köp halkara maýa goýumy 44 göterim bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan (ABŞ) amala aşyryldy. ABŞ-dan soň 17 göterim bilen Germaniýa, 12 göterim bilen Beýik Britaniýa gelýär. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan amala aşyrylan maýa goýumlaryň mukdary bolsa 27 göterim.

Ýene degişli makalalar

Balyk bahalary 'azyk howpsuzlygynyň arzuw bolandygyny' görkezýär
Italiýa Bilen Ýaponiýa Goranyş Pudagy Boýunça Hyzmatdaşlyk Eder
Türkiýe Her Bir Pudakda Ösýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Abuna ýazylyşygy dowam edýär
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...