Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Frankfurter Rundschau: Ankara, ABŞ-nyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy.

Deutsche Welle: Berlindäki myhmanhanalar gapylaryny öýi bolmadyk adamlar üçin açdy.

ard.de: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri Hytaýdan koronawirus epidemiýasy bilen baglanşykly has köp maglumat talap edýär.

ABC gazedi (Ispaniýa):Kataloniýadaky saýlawlar: "Ýeke täk ýeňiji bar: aýralykçylar". Kataloniýanyň Resbuplikan çepçileri we Kataloniýa üçin birlik partiýalary ýaňadandan hökümedi gurup bilerler.

Klarin (Argentina): Argentinanyň ozalky Döwlet baştutany Karlos Menem, San-Husto musulman gonamçylygyna jaýlandy.

El Uniwersal (Meksika): Meksikadaky PRI atly partiýanyň ozalky deputaty Gladys Merlin we gyzy öldürildi.

Aldustour: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyndan garaşylmadyk beýanat... Ilkinji görnüşinden ozal koronanyň 13 görnüşi anyklandy.

Alraýa: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, ösüp barýan ýurtlarda AstraZeneka kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymyň iň tiz wagtda başladylmagyny tassyklady.

Alkudus: Kataryň Daşary işler ministri, ýadro delosy sebäpli dartgynlyklaryň başdan geçirilýän Eýrana sapar gurady.

Le Parisien (Fransiýa): Kowid-19: ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, pandemiýa garşy ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň tarapdary.

Le Figaro (Fransiýa): Kowid-19: Fransuz şepagat uýalary, goşmaça ýagdaýda Portugaliýadaky hassahanalaryň birine ugradyldy.

Le Monde (Fransiýa): Kowid-19: Mart we aprel aýlarynda Pariž we Marsel şäherlerinde synag maksatly nusgalyk konsertler beriler.

Russia Today: Dumanyň Býujet we salgytlar komitedi, kripto walýutalar bilen amala aşyryljak söwda işlerinden salgyt alynmagyny özünde jemleýän kanun taslamasyny tassyklady.

TASS: Russiýa we ABŞ, Ýakyn Gündogarda Palestina-Ysraýyl meselesiniň çözüwinde hyzmatdaşlyk edip bilerler. Mesele iki ýurdyň Daşary işler ministrleriniň resmileri tarapyndan telefon arkaly maslahatlaşyldy.

Lenta.ru: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, hökümete Russiýanyň Kowid-19 sanjymlarynyň mutasiýa sezewar bolan wiruslara garşy täsirlilik derejesiniň analiz edilmegi barada buýruk berdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler
Harris Trampdan öňde barýar
Jozef Baýden dalaşgärlikden çekildi
Jo Baýden Prezident Dalaşgärliginden çekildi
“Prezidentiň Goldawyny Alandygym Üçin Buýsanýaryn”
22-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Diňle: Türkmen intelligensiýasy Baýdeniň bäsleşikden çekilmegini ara alyp maslahatlaşýar, sapak çykarýar