Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

“Le Figaro”, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, NATO-nyň lilderler maslahatynyň öňüsyrasynda Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşjakdygyny habar berdi.

“Frans 24”, Prezident Emmanuel Makron “Barkhane” operasiýasynyň bes ediljekdigini mälim etdi.

“Le Monde” Fransiýada Prezidenti Makrona şarpyk atan adamyň 18 aý azatlykdan mahrum edildigini, jezanyň 14 aýynyň yza süýşürildigini ýatladýar.

“Doçe Wella” Germaniýanyň dünýäniň baýlar sanawynda üçünji orny eýeleýändigini habar berýär.

“Wilt.de” Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň ýurtda koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň azalýandygyna garamazdan Britaniýadan ýurda giren wirusyň täze görnüşine alada bildirýändigini belleýär.

“El Nasional” Moderna firmasynyň täze görnüş koronawirusa garşy öndüren Kowid-19 sanjymynyň 12-18 ýaş aralygyndaky topara edilmegi üçin ABŞ-dan adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagyna rugsat bermegini isleýändigini nygtaýar.

“El Mundo”, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Kovid-19-yň Delta görnüşiniň howlydygy barada duýduryş berendigini belleýär.

“Eldustour” Iordaniýanyň, Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň İýerusalimdäki Damask gapysynyň öňünde palestinalylara guran hüjümini ýazgarandygyny nygtaýar.

“Alžazeera” Bahreýinde bir ýere jemlenşen ýüzlerçe adamyň, tussaghanada koronawirusa ýolugan oppozisioner Hüseýin Berekediň bejergi alýan hassahanasyna ýogalmagyna garşy ýöriş geçirendigini mälim edýär.

“RIA Nowosti” Russiýanyň Premýer ministri Mihail Muşistiniň, ABŞ bilen diplomatlaryň iş alyp barýan ýurtlaryndaky syýahatlaryny öz içine alýan ylalaşykdan çekilmek hakyndaky karary tassyklandygyny belleýär.

“Russia Todeý” ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň, geňeşmeler üçin Waşinngtona çagyrlan ilçi Sulliwanyň ýakynda wezipesine dolanmagyny umyt edýändigini habar berýär.

“Lenta.ru” Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň, iýul ýada awgust aýynda Demirgazyk Akym-2 meselesindäki jedelleşikler sebäpli ABŞ-na sapar gurajakdygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi
Pezeşkian Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Türkmenistanda VPN ussalary Durowyň tussaglygyndan soň gazanjyny ýitirmekden howatyrlanýar
“Fransiýa, Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Pezeşkiýan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy