Türkmen türgenlerini Aziada-2017-ä taýýarlamak üçin daşary ýurt hünärmenleri we trenerleri çagyryldy. Şol bir wagtda bir topar guramaçylyk meselesiniň çözülmezligi doly manysyndaky türgelnleşiklere päsgelçilik döredýär.
Taekwondo boýunça ussatlar öz türgenleşiklerini Aşgabadyň 5-nji mikroraýonyndaky köne stadionda, sportyň bu görnüşi üçin enjamlaşdyrylmadyk ýerde geçirmäge mejbur bolýarlar. Mundanam başga, ol ýerde eşik çalşylýan ýer we duş alynýan, üstüňden suw akdyrylýan kabinalar ýok.
Regionlardan bolan ýygyndy komandalaryň agzalaryny “Aşgabat” myhmanhanasynda ýerleşdirdiler, olar bu ýerden stadiona jemgyýetçilik transporty №57-nji awtobus bilen gatnaýarlar.
Ýaponiýadan çagyrylan trener (häzir onuň adyny anyklaýarys) türkmen türgenleriniň taýýarlygynyň gowşakdygyny belleýär. Olar ýapon hünärmenleriniň edýän türgenleşik talaplaryna eýgermeýärler.
Şuňa meňzeş problemalar sportyň beýleki görünşleriniň wekillerinde-de bar.
Daşary ýurtly trenerler bu meseleleri çözmek üçin ýerli resmilere ýüz tutýarlar, emma olardan netije bolmaýar. Ýolbaşçylyk sistemasy şeýle gurnalan, hatda iň ýönekeýje meseleleri hem iň ýokarky derejelerde ylalaşmak zerur.
Türkmen türgenleri bilen işlemäge taýýar daşary ýurt trenerlerini tapdylar, ýeňil atletikaçylary Aziada ukrain treneri Wladimir Gudilin, welosiped sürüjileri orsýetli trener Albert Kolybin, futzal oýunçylaryny ýaponiýaly Koheý Hakamuro taýýarlaýar.
Emma muňa garamazdan, türkmen resmileriniň ýokary derejeli türgenleşikler üçin zerur bolan şertleri üpjün edip bilmezligi daşary ýurtly we ýerli trenerleriň azaplaryny puja çykaryp biler.
