Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentlerine pul geçirmekde täze bökdençlik döredi

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentlerine pul geçirmekde täze bökdençlik döredi

Türkmenistanyň daşynda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalary çagalarynyň okuwy üçin pul geçirmekde kynçylyk çekýärler. Bankda olardan käbir goşmaça kagyzlar talap edilip başlanypdyr. Azatlyk Radiosy bilen gürleşen ene-atalar özleri üçin bu garaşylmadyk ýagdaý barada banklara baranda bilip galandygyny aýdyp, tölegiň gijikmeginden aladalanýarlar.

Lebaply ene-atalaryň birnäçesiniň sözlerine görä, bankda olardan daşary ýurtlarda bilim alýan perzentlerine okuw tölegini geçirmek üçin adaty resminamalaryň gapdalyndan studentiň bilim alýan ýokary okuw jaýynyň ähli tölegleri baradaky doly maglumatynyň tutuş sanawyny türkmen diline terjime edip getirmek talap edilipdir.

“Şu aý oglumyň okuw tölegini geçirmek üçin banka baranymda: 'Institutyň resmi web sahypasynda ähli ugurlar üçin tölegi görkezilen spisogy çap edip getiriň. Spisok hökmany suratda şol ýurduň resmi-döwlet dilinde görkezilen bolmaly we Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän notarial terjimeçi tarapyndan terjime edilen bolmaly' diýip, yzyma ugratdylar" diýip, ogly Täjigistanda bilim alýan türkmenabatly ene gürrüň berýär.

Ondan başga-da, studentiň biometriki pasportynyň ähli sahypalarynyň, ýagny 48 sahypasynyň nusgalaryny çap edip getirmek talap edilýär.

Lebaply ene-atalar 11-nji noýabrdan bäri banklarda uly nobatlaryň bardygyny we bu nobatlara polisiýa işgärleriniň gözegçilik edýänligini aýdýarlar.

Türkmenabatly ýaşaýjylar soňky talabyň özleri üçin garaşylmadyk ýagdaý bolup, goşmaça wagty we çykdajylary talap edýändigini belleýärler.

Gyzy Gazagystanda bilim alýan ene, täze girizilen düzgün zerarly, gyzynyň okuw töleginiň bir aýdan köp wagta çenli gijikdiriljekdigini aýdýar.

“Men banka baranymdan soňra, täze düzgün barada eşidenimden soň, gazak dilinden türkmen diline resmi terjimeçi gözläp, Aşgabada gitmeli boldum we bir hepde wagtymy sarp etdim.Yzyma gelenimden soň, degişli işler bilen meşgullanýan bank işgärleriniň sany az we nobata durýanlaryň sany kän bolanlygy sebäpli, degişli resminamalary tabşyrmak üçin iki gün nobata durdum" diýip, ene öz çagasynyň okaýan okuw jaýynda adatça aýyň birinji ýarymyna çenli geçirip ýetişmedikleriň puly, okuw jaýynyň bank hasabyna has giç barýar diýip, gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, gazak dilinden türkmen diline iki sahypanyň terjimesiniň bahasy 200 manat bolupdyr. (Merkezi Bankyň kursy boýunça 57,1 amerikan dollary-red).

Şeýle-de, türkmenabatly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ýaşaýan ýerlerinde resmi terjimeçileri hem tapmak kyn bolýar.

“Iňlis, rus we türk dillerinden türkmen diline terjime edýänler bar, emma, özbek, gazak, täjik we beýleki dillere resmi terjime hyzmatlaryny hödürleýänler gaty az” diýip, şäher ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosy lebaply ene-atalaryň bu maglumaty boýunça ýerli bank wekillerinden we Merkezi Bankdan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi. Emma “Halk Bankyna” ýakyn çeşme goşmaça talaplaryň girizilendigini tassyklady. Anonimlik şertinde gepleşen çeşme buýruk Merkezi Bankdan dil üsti berildi diýdi.

“Daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň okuw tölegleri üçin niýetlenen daşary ýurt walýutasynyň möçberi az bolanlygy sebäpli, goşmaça býurokratik päsgelçilikler döredilýär. Şeýle päsgelçilikler bilen, pul geçirmegiň wagty yza çekilýär" diýip, çeşme aýtdy.

Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda bilim alýan çagalaryna pul geçirmeginde kynçylyklar geçen ýylyň güýzünde hem ýüze çykypdy. Türkmenistanyň onlarça müň raýaty ýurduň daşynda bilim alýar.

Türkmenistan daşary ýurtlaryň käbir ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan raýatlaryna okuw üçin tölegleri türkmen banklaryndan geçirip, resmi kurs boýunça daşary ýurt puluna öwürmäge mümkinçiligi göz öňünde tutýar. Merkezi Bankyň kursy boýunça 3,5 manat-1 amerikan dollaryna barabar, gara bazaryň kursy 20 manat töweregi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2019-njy ýylda ýurtda ykrar edilýän daşary ýurtly ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny çap etdi. Şondan bäri bilim üçin döwlet kursundan puly öwürmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilýän türkmenistanlylaryň sany azaldy.

Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri ýokary synp okuwçylarynyň arasynda daşary ýurtlara okuwa gitmezlige ündemek boýunça düşündiriş işlerini geçirilýärler. Şol bir wagtda ýurduň öz ýokary jaýlaryndaky orunlaryň sany mekdebi gutarýan ýaşlaryň sanyna görä esli az. Üstesine, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin paranyň mukdary ençeme müň, käte onlarça müň dollara baryp ýetýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda nyrhlar ýokarlandy, azyk gymmatlady
Aşgabatda dümew keseli ýaýraýar, häkimiýetler dymýar
“Colvir” Aşgabatda bank ulgamyndaky soňky sanly tehnologiýalar boýunça maslahat geçirdi
Minerallar diplomatiýasy’. Tramp Merkezi Aziýa liderleri bilen ýokary derejeli sammiti geçirýär
Balkandaky nagt ýetmezçiligi 'bankomatlarda gaýtalanýan näsazlyklardan' görülýär
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY