Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

2-nji martda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Halkara migrasiýa guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy, HMG-niň Türkmenistandaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky we Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň baştutany Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn tertibinde duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna garaldy, geçen ýylda alnyp barylan bilelikdäki işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljek döwür üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň HMG bilen gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda düzgünleşdirilen hem-de howpsuz zähmet migrasiýasy babatynda oňyn hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Belarus Respublikasynda saparda boldy
Türkmenistanda APIS ulgamyny ornaşdyrmagyň geljegine garaldy
Türkmen wekiliýeti Halkara migrasiýa guramanyň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň ýörite gulluklary awia ýolagçylar baradaky maglumatlary öňünden alarlar
Türkmenistan öz raýatlaryny daşary ýurtlarda goramak boýunça okuw geçirdi
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
Pudagara toparyň mejlisi