Daşkentden ikinji medal: Seýitjan Mirzaýew hem kiçi bürünç medala mynasyp boldy

Daşkentden ikinji medal: Seýitjan Mirzaýew hem kiçi bürünç medala mynasyp boldy

9-njy dekabrda türkmen türgeni Seýitjan Mirzaýew Daşkende geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 61 kilogram agramda çykyş edip, silterläp götermekde kiçi bürünç medala mynasyp boldy. Ildeşimiz 128 kilogram agramyň hötdesinden geldi.

Seýitjan Mirzaýew birinji synanyşygynda buýran bu agramlygyny ikinji gezekde galdyrmagy başardy. Üçünji synanyşygynda bolsa 132 kilogram buýrup, ony galdyryp bilmedi. Itekläp götermekde ildeşimiz birinji we ikinji synanyşygynda 145, üçünji synanyşygynda bolsa 147 kilogram agramyň hötdesinden gelip bilmedi.

Ýeri gelende bellesek, Seýitjan Mirzaýew 2020-nji ýylda Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda bürünç medala, üstümizdäki ýylda bolsa ýene-de şu şäherde geçirilen Aziýa çempinatynda silterläp götermek boýunça kümüş medala mynasyp boldy.

Ol 2019-njy ýylda Kataryň kubogyny almak ugrundaky 6-njy halkara ýaryşda 270 kilogram agramy göterip, kümüş, şol ýylda Türkiýede geçirilen Naim Süleýmanoglunyň ýadygärligine bagyşlanan halkara ýaryşda kümüş, dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşda bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

Häzirki güne çenli milli ýygyndymyzyň hasabynda iki sany kiçi bürünç medal bar. TmCars.info 8-nji dekabrda ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 49 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde Daşkentde geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň kiçi bürünç medalyny gazanandygyny ozal habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Phuketde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
17.11.2019 | Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
Eýranyň prezidenti Özbegistany garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen gutlady
Türkiýäniň Daşary işler ministri Özbegistan Respublikasynyň prezidenti bilen duşuşdy