Daşoguz welaýatynda ýaşaýan uzak ýaşly enäni Pensiýa gaznasynyň şahamçasynyň işgärleri ýaş toýy bilen gutladylar

Daşoguz welaýatynda ýaşaýan uzak ýaşly enäni Pensiýa gaznasynyň şahamçasynyň işgärleri ýaş toýy bilen gutladylar

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Bugdaýly geňeşliginiň ýaşaýjysy Gülbäbek Paltaýewa şu güýzde 105 ýaş toýuny belledi. Türkmenistanyň pensiýa gaznasynyň müdurliginiň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bölüminiň işgärleri ony bu möhüm ýaş toýy bilen gutladylar.

Uzak ýaşly ene bütin ömrüni daýhançylyk birleşiginde işledi.

Ýoldaşy Sapar Paltaýew bilen bilelikde iki ogul we üç gyzy ulaltdylar. Gülbäbek ene - nesili mynasyp baýlyk hasaplaýan zenan. Ol 23 agtygyň we 43 çowlugyň bagtly enesidir. Indi bolsa, ömrüniň

105-nji güýzüni ähli maşgalasyny daşyna üýşürip garşy aldy.

Türkmenbaşy etrabynyň Pensiýa gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri uzak ýaşly enä doglan güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar we enä mundan beýläk-de saglyk we uzak ömür arzuw etdiler.

Şeýle hem :

120 ýaşly türkmen zenany Ajapsoltan Hajyýewa dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy

Ýene degişli makalalar

07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmen samboçylary Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynda alty medal gazandy
Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi, Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdiler, Aşgabatda hindi sarisiniň bäsleşigi geçirildi we beýleki habarlar
Türkmenistanly türgenler dünýä çempionatynyň üçünji gününde üç medala mynasyp boldular