Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň ýokary hasyly ýetişdirildi

Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň ýokary hasyly ýetişdirildi

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýokary depginlerde ýeralmany ýygnamagy dowam etdirýärler. Boldumsaz etrabynda ýetişdirilen hasylyň umumy meýdanynyň eýýäm ýarysyndan gowragy ýygnaldy. Bu ýerden şu ýyl ýigrimi bäş müň tonna ýeralma ýygnamak göz öňünde tutulýar diýlip, Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Welaýatda Akdepe etrabynda-da hasyl ýokary depginlerde ýygnalýar. Bu ýerde häzire çenli şu möwsümde meýilleşdirilen 48 160 tonna ýeralmanyň altmyş iki göteriminden gowragy ýygnaldy. Ýeralma ýetişdirmekde köp tejribe toplan Şawat we N.Andalyp adyndaky daýhan hojalyklarynyň daýhanlary öňde barýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl azyndan 123 müň 200 tonna ýeralma ýygnamak meýilleşdirilýär. Welaýatda şu möwsümde ýeralmany sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan we dürli kesellere durnukly, ýokary hasylly, orta hem-de irki görnüşlerinden ýetişdirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

TEATR JADYLY DÜNÝÄ
2022-nji ýylyň 2-9-njy ýanwar aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň
2022-nji ýylyň 2-9-njy ýanwar aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI
2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 10-15-i aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI
2022-nji ýylyň maý aýynyň 23- 29- y aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda we döwlet sirkinde görkeziljek sahna oýunlarynyň
2022-nji ýylyň iýun aýynyň 10-12 aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda we döwlet sirkinde görkeziljek sahna oýunlarynyň