Daşoguz welaýatyndaky biokärhanalar tarapyndan ekinleri goramak üçin degişli çäreler geçirilýär

Daşoguz welaýatyndaky biokärhanalar tarapyndan ekinleri goramak üçin degişli çäreler geçirilýär

2024-nji ýylyň bereketli pagta hasylynyň düýbüniň tutulýan, bugdaýlara ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny bermek işleriniň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde ekinleri goramak boýunça möwsümleýin işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda biokärhanalaryň 124-si hereket edýär. Şolaryň 12-si döwrebap üpjünçilikli biofabriklerdir diýlip, Türkmenistan habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu günler bu kärhanalarda ekinleri zyýanly mör-möjeklerden goramak üçin degişli çäreler geçirilýär.Olarda öndürilmeli trihogrammanyň, gabrobrakonyň we altyngözlüjäniň enelik ugruny taýýarlamak işleri öz wagtynda amal edildi.

Köneürgenç etrabynyň pagtany gaýtadan işleýän kärhanasynyň ýanyndaky biolaboratoriýada, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň hem-de S.Türkmenbaşy etrabynyň Şirwan pagta arassalaýjy kärhanalarynyň ýanynda hereket edýän biokärhanalarda ekinleri ygtybarly goramakda göwnejaý işler ýola goýuldy.

Häzirki wagtda gögeriş alnan gowaça meýdanlarynyň her gektaryna biokärhanalarda taýýarlanylýan altyngözlüjäniň 300 sanysy, trihogrammanyň 1 gramy iki gaýta ulanylýar. Kärhanalaryň zerur önümler bilen doly üpjün edilmegi, işleriň täzeçe guralmagy gowy netije berýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatynda kösükli we ýag alynýan ekinleriň bol hasyly ýygnaldy
Daşoguzda oba hojalyk ekinlerini zyýanly mör-möjeklerden goramak boýunça işler geçirilýär
Türkmenistanyň demirgazygynda mäş we noýba ýetişdirilýär
Türkmenistanly mekdep okuwçylary Hytaýda geçirilen olimpiadada üstünlik gazandylar
Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler
Daşoguzyň ekerançylary şu ýyl 375 tonna noýba ýygnarlar