Daşoguz welaýatynyň durky täzelenen atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary

Daşoguz welaýatynyň durky täzelenen atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary

27-nji aprelde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar Daşoguz welaýatynyň merkezinde ýaýbaňlandyryldy.

Diýarymyzyň welaýatlarynda gezekli-gezegine guralýan at çapyşyklary baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biridir. Şu ýyl baýramçylyk çapyşyklary ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda geçirilýär. Ahalteke bedewleriniň kuwwatyny, ýyndamlygyny we çydamlylygyny ýene bir gezek görkezýän at çapyşyklary düýpli döwrebaplaşdyryş işleri geçirilenden soňra, täze görnüşe eýe bolan Daşoguz atçylyk sport toplumynda guraldy.

Nobatdaky möwsümiň açylýandygyny alamatlandyrýan çapyşyklaryň maksatnamasy boýunça 8 çapyşyk geçirildi. Olarda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýetginjek we halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda gyzykly bäsleşikler guraldy.

At çapyşyklarynda ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda degişli baýraklar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Baş baýraga — Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy bolan Toyota Land Cruiser ýeňil awtoulagyna jemleýji bäsleşigiň ýeňijisi, halypa çapyksuwar B.Rozyýew mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär
Balkanda ulaglar gymmatlaýar, söwdagärler häkimiýetleriň gysyşynyň güýçlenendigini aýdýarlar
Garagum Ulag kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser Prado ulagyny tanyşdyrdy
Beýik Ýüpek Ýoly kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser 250 kysymly ulagyň tanyşdyryşyny geçirdi
ABŞ-nyň döwlet sekretary Rubio türkmen kärdeşi bilen Ysraýyl-Eýran konflikti barada gürleşdi
250-den gowrak adam Aşgabatda geçirilen Ýeňiş diktanty çäresine gatnaşdy, Daşoguz welaýatynda geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugrunda ýaryşyldy we beýleki habarlar