Daşoguz welaýatynyň ekerançylary künjiniň her gektaryndan, ortaça, 10 sentner hasyl alýarlar

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary künjiniň her gektaryndan, ortaça, 10 sentner hasyl alýarlar

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda daýhanlar 560 gektar ýere künji ekdiler.Bu jogapkärli möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi netijesinde ekim işleri bellenilen möhletlerde tamamlandy.Sebitde bu ýagly ekiniň esasy öndürijileri hökmünde, adatça, Köneürgenç hem-de S.A.Nyýazow adyndaky etraplary çykyş edip, olaryň hersine 140 gektar ýeri künji üçin bölünip berildi.

Akdepe etrabynyň daýhanlary bolsa 125 gektar meýdanda bu ekini ýetişdirýärler.Bu etraplaryň daýhanlary künji ösdürip ýetişdirmekde baý tejribä eýedirler we her ýyl bol hasyl alýarlar.Künji ýylylygy hem-de ýagtylygy gowy görýän ekin bolup, ol ýokary temperaturada kadaly ösýär.

Ol guraklyga çydamlydyr hem-de beýleki oba hojalyk ekinleri bilen deňeşdirilende, az suw talap edýär. Şeýle häsiýetler we toprak şertlerine ýokary talapkärçiligi bolmazlygy we gysga wegetasiýa döwri ony ýerli howa şertlerinde köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmäge amatly edýär.

Welaýatyň ekerançylary her ýyl künjiniň her gektaryndan, ortaça, 10 sentner hasyl alýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Daşoguz welaýatynyň şalyçylary bol hasyl almagy maksat edinýärler
Daşoguzda ýagan güýçli gar hereketi çäklendirdi, ilatyň gaz we elektrik üpjünçiligi kesildi
Daşoguz sebitine 'soňky elli ýylda görülmedik çekirtge çozdy'
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady