
Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherindäki haly önümhanasynyň halypa halyçysy Annagül Padarowa şägirtleri bilen Derweze gölli ajaýyp halyny dokap, Türkmen halysynyň baýramyna toý sowgadyny taýýarlady. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.
Ini iki, boýy üç metrlik bu halyda gadymy galalaryň gapylaryna, derwezesine oýulyp çekilen nagyşlara çalym edýän gölleriň dördüsi simmetrik görnüşde ýerleşýär.
Şäher merkezinde ýerleşýän önümhana welaýat çeper halyçylyk kärhanasynyň iň baýry bölümleriniň biri hasaplanýar. Ol geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda döredildi.
Ussat halyçy Annagül Padarowanyň dokan halylary täze binalaryň köpüsiniň törüne görk berýär. Halypa köpýyllyk iş tejribesi, asylly zähmeti üçin Türkmenistanyň at gazanan halyçysy diýen hormatly at dakyldy. 2015-nji ýylda Annagül Padarowa owadan nagyş salyp dokan Atyň bezegi çeper esbaby üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Halyçylaryň 150-siniň zähmet çekmegi üçin iň amatly şertler bilen üpjün edilen kärhana deňsiz-taýsyz nepisligiň täze nusgalarynyň döredilýän ýerine öwrüldi.Häzirki wagtda bu ýerde hormatly ada mynasyp bolan, döwlet sylaglary bilen sylaglanan halyçylaryň 15-si zähmet çekýär.
Kärhanada her aýda 130 — 150 inedördül metr haly we haly önümleri dokalýar.Olaryň aglabasy ýörite buýurmalar boýunça täze gurulýan jaýlar, durmuş maksatly binalar üçin dokalýan uly göwrümli halylardyr.