Daşoguzly tokaý hojalykçylary şu ýyl 8 müň gektar ýere sazak ekdiler

Daşoguzly tokaý hojalykçylary şu ýyl 8 müň gektar ýere sazak ekdiler

Daşoguz welaýatynyň tokaý hojalygynyň işgärleri sazak tokaýlaryny goramak we köpeltmek boýunça işleri yzygiderli alyp barýarlar. Kärhananyň sebitiň etraplarynda ýerleşýän ýörшteleşdirilen nahalhanalarynda bu gymmatly ösümligiň müňlerçesi ýetişdirilýär. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron gazeti habar berdi.

Mysal üçin, diňe şu ýylyň ýazynda olarda jemi sekiz müň gektar meýdana sazak ekildi.

Kärhananyň hünärmenleri nahalhanalary nahal bilen üpjün etmek üçin her ýylyň güýzünde sazak tohumyny ýygnaýarlar. Nahalhanada ýetişdirilen nahallar welaýatyň çöllük ýerlerinde, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurduň çägine tozanlaryň we duzlaryň gelmegine päsgel bermäge hem-de sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köplemegine ýardam etmäge niýetlenen 20 müň gektar ýerde ýaşyl araçy zolak döredilýän Bötendag baýyrlygynda ekilýär.

Sazak ýöne ýerden Daşoguz wealaýatynyň çöllük ýerleri üçin amatly ösümlik hasaplanmaýar.Ol çägäni berkidýär we çöle golaý ýerleşen oba hojalyk ekin meýdanlaryny hem-de ilatly ýerleri tozan çökündilerinden goraýar. Şonuň üçinem sazak tokaýlygyny emele getirmek işi Aralyň ýaramaz täsirine duçar bolýan sebit üçin aýratyn möhümdir.

Sazak topraga oňaýly täsir edýär, öri meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrýar.Sazak jeňňelerinde ýerli haýwanlaryň ençeme görnüşi ýaşaýar.

Ýene degişli makalalar

Bilermenler Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Bilermenler Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
22.03.2019 | Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
Türkmenistanly mugallymlar Germaniýanyň ösen okuw enjamlaryny öwrendiler
Ysraýylyň Gazadaky harby ýitgileri artýar