Daýhanbank DTB Talyp karzy bank karzyny hödürleýär

Daýhanbank DTB Talyp karzy bank karzyny hödürleýär

Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik banky, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyp ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, Talyp karzy atly bank karzyny hödürleýär.

Talyp karzy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara diňe degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.

Müşderiler bank karzyny 42 000 manada çenli alyp bilýärler. Onuň ýyllyk göterim derejesi 5 göterime çenli bolup, ol üç ýyl möhlet bilen berilýär.

Müşderiniň bankdan alýan karzynyň möçberi 10 000 manada çenli bolan ýagdaýynda onda hökmany iki sany raýatyň zamunlygy gerek bolýar. Eger-de müşderiniň alýan karzy 15 000 manatdan ýokary möçbere bolsa onda girew emlägi kabul edilýär.

Daýhanbank döwlet täjirçilik bankynyň, Talyp karzyndan peýdalanmak isleýän müşderileriň ýüztutmalary we degişli resminamalary bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde kabul edýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

Ýene degişli makalalar

Daýhanbank DTB Türkmenistanda hereket edýän bank kartlarynyň sany boýunça öňdebaryjy boldy
Garaşsyz diýarda milli-mirasymyň hormaty atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanda Internet banking hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany 900 müň adama golaýlady
Türkmenistanda ilat ýazuwy başlandy, Türkmenistanyň dükanlarynda Täze ýyl nyşanlary ýerleşdirilen dokma önümleri peýda boldy, Tatarstanyň Prezidenti Akdus atly alabaýy bilen suratlaryny paýlaşdy we beýleki habarlar
Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Ejeler güni bellenildi, Türkmenistanyň Baş konsuly Kazanyň häkimi (meri) bilen duşuşdy, Daýhanbank Türkmenistanda hyzmat edýän bank kartlarynyň sany boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda we beýleki habarlar
Daýhanbank POS-terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanda ilkinji orunda