Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik banky keşbek hyzmatynyň göterimini ýokarlandyrdy.
Bank tarapyndan berlen bildirişe görä, 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli bankyň müşderileriň ählisi nagt däl söwdalary üçin 5 göterimlik keşbek girdejisini alarlar. Toplanan girdeji aýyň ahyrynda müşderiniň bank kartyna gaýtarylyp berler. Habarlaşmak üçin bankyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan köçesiniň 465-nji jaýy. Telefony: (+993) 12 38-01-27 Resmi saýty: http://www.dayhanbank.gov.tm/
