DÇ-2022: Argentina Polşany ýeňip, pleý-off tapgyryna çykdy

DÇ-2022: Argentina Polşany ýeňip, pleý-off tapgyryna çykdy

Argentinanyň milli ýygyndysy Dohadaky 974 stadium stadionynda geçirilen DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynyň oýnunda Polşany 2:0 hasabynda ýeňip, pleý-off tapgyryna ýollanma aldy.

Duşuşykda hasaby 46-njy minutda Aleksis Makallister açdy. Ikinji gol 67-nji minutda Hulian Alwaresiň adyna ýazyldy.

Oýnuň esasy wakalarynyň biri hökmünde 38-nji minutda Polşanyň derwezeçisi Woýseh Şensiniň Messiniň ýüzüne urandygy üçin VAR-da geçirilen seljermeden soňra penaltiniň bellenilmegini hem-de argentinaly hüjümçiniň urgusynyň Şensni tarapyndan gaýtarylmagyny görkezip bolar.

Argentina bu ýeňişden soňra C toparçasynda birinji orun bilen pleý-off tapgyryna adyny ýazdyrdy. Toparçada ikinji orun Polşa (4 utuk), üçünji orun (4 utuk) we iň soňky ýer Saud Arabystanyna (3) degişli boldy.

Argentina 1/8 finalda Awstraliýanyň ýygyndysyna garşy meýdança çykar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna Match tv teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Sianda geçirilen ykdysady foruma gatnaşdy
Hytaýdan Germaniýa otly gatnawy
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşar
Gadymy aýna tapyldy
Innowasion tehnologiýalar — halkara ylmy maslahatyň wekilleriniň üns merkezinde
12.06.2019 | Innowasion tehnologiýalar — halkara ylmy maslahatyň wekilleriniň üns merkezinde