DÇ-2022: Senegal Ekwadory ýeňip, 1/8 finala çykdy

DÇ-2022: Senegal Ekwadory ýeňip, 1/8 finala çykdy

DÇ-2022-de A toparçada üçünji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.Al Baýt stadionynda geçirilen oýunda Niderlandlar ýer eýesi Katary 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Niderlandlara ýeňiş getiren gollar Gakponyň (26) we De Ýonguň (49) adyna ýazyldy. Şol bir wagtda Halifa stadionynda oýnalan beýleki duşuşykda Senegal kynçylyk bilen Ekwadordan üstün çykdy.

Oýunda hasaby 44-nji minutda senegally hüjümçi Ismail Sarr açdy.Ol Ekwadoryň derwezesine tarap bellenilen penaltini dürs ýerine ýetirip, toparyny hasapda öňe çykardy.Ekwador oýnuň 67-nji minutynda Kaýsedonyň goly bilen hasaby deňledi, emma olaryň begenji uzaga çekmedi.

Has takygy, oýnuň 70-nji minutynda Kalidu Kulibali Senegala ýeňiş getiren topy derwezä ýollady.

Şeýlelikde, üçünji tapgyryň netijelerine görä, Niderlandlar 7 utuk bilen birinji orny eýeläp indiki tapgyra çykdy. 1/8 final tapgyrynyň ikinji ýollanmasyna bolsa 6 utuk toplan Senegal eýelik etdi. 1/8 final tapgyrynda Niderlandlar B toparçada ikinji orny eýelän ýygyndy bilen, Senegal bolsa B toparçada birinji orny eýelän topar bilen güýç synanyşar.

B toparçada üçünji tapgyryň duşuşyklary şu gün 23:55-de başlanar. Bu toparçada şu gün Eýran ABŞ bilen, Angliýa bolsa Uels bilen indiki tapgyryň ýollanmasy üçin göreş alyp barar.

Mundan ozal Fransiýanyň, Braziliýanyň we Portugaliýanyň wagtyndan öň pleý-off tapgyryna ýollanma alandygyny habar beripdik.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna Match tv teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Ýene degişli makalalar

Senegal 20 ýyldan soň 1/8 finalda
Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
DÇ-2022: Eýran pleý-off ýollanmasyny gazanyp bilmedi
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Senegaldaky ýol-ulag hadysasynda kyrk adam pida boldy