De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi

Belgiýanyň milli toparynyň tälimçisi Roberto Martines Katar 2022-de çykyş etjek ýygyndynyň düzümini mälim etdi.ispaniýaly hünärmen ýygynda Eden Hazar, Kewin de Bruýne, Romelu Lukaku, Ýannik Karrasko, Tibo Kurtua ýaly ýyldyzlary çagyrdy.

Diwok Origi, Kritian Benteke ýaly hüjümçiler sanawa düşmedi.Tälimçi 26 oýunçydan daşary Brian Heýnen (Genk), Dodi Lukebakio (Herta), Aleksis Salemakers (Milan), Jeýson Denaýer (Şabab Al-Ahli) ýaly futbolçylary-da ätiýaçdaky sanawa aldy.

Ýene-de 10 günden başlajak çempiontda Belgiýanyň ýygyndysy F toparçada Horwatiýanyň, Marokkonyň hem-de Kanadanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

DERWEZEÇILER:

Kun Kastels (Wolfsburg),

Tibo Kurtua (Real Madrid),

Simon Minole (Klub Brýugge);

GORAGÇYLAR:

Tobi Alderweýreld (Antwerpen),

Zeno Debast (Anderleht),

Ýan Wertongen (Anderleht),

Leander Dendonker (Aston Willa),

Waut Fas (Lester),

Timoti Kastan (Lester),

Artýur Teate (Renn),

Toma Mene (Borussiýa D);

ÝARYMGORAGÇYLAR:

Ýannik Ferreýra Karrasko (Atletiko),

Aksel Witsel (Atletiko),

Torgan Hazar (Borussiýa D),

Kewin de Brýuýne (Mançester Siti),

Amadu Onana (Ewerton),

Ýuri Tilemans (Lester),

Şarl de Ketelare (Milan),

Žeremi Doku (Renn),

Eden Hazar (Real Madrid),

Leandro Trossard (Braýton);

HÜJÜMÇILER:

Mişi Batşuaýi (Fenerbahçe),

Romelu Lukaku (Inter),

Dris Mertens (Galatasaraý),

Loi Openda (Lans).

Ýene degişli makalalar

Belgiýanyň ýygyndysy mälim edildi, doganlar Hazarlar düzüme çagyryldy
“Leipsig” hem-de “Arsenalyň” täze transferleri
Super ýyldyz yzly-yzyna 4-nji gezek ýylyň futbolçysy saýlandy
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
ABŞ-da bahasy 2,5 milliard dollar bolan robot-gumanoid döredildi
IBM emeli aň platformasyny tanyşdyrdy