Demirgazygyň Wenesiýasy Stokgolm

Baltika deňziniň arhipelagyndaky 14 adanyň ýaýrawynda ýerleşýän Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäheriniň Demirgazygyň Wenesiýasy lakamyny almagy ýöne ýere däl. Nirä seretseň, nazaryň suw bilen çaknyşýar. Şäher özüne mahsus aýratynlygy bolan adalardan emele gelýär.

Şwesiýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Stokgolmyň howasy dört pasla görä üýtgeýär. Bu şäherde tomus aýlary yssy we gijeleri ýagty bolýar. Gyş aýlarynda bolsa howa mylaýym we ýagyşly, sowuk we garly bolup bilýär. Stokgolmyň şäher seýilgähleriniň güýz aýlaryndaky reňkleri özüne maýyl edýär. Ýaz aýlarynda bolsa, şäher ilatynyň açyk restorandyr kafelerde wagtlaryny hoş geçirýändiklerini görmek bolýar.

Şäheriň tebigaty sebitiň howasy bilen utgaşyklykda gündelik ýaşaýyş medeniýetini hem öz içine alýar. Waksholm adasyndaky geçen asyrdan galan agaçdan gurlan öýler we kafedir restoranlar, Royal Djurgarden atly XV asyrda düýbi tutulan şäher seýilgähi ýa-da Skansen atly üsti açyk muzeý munuň aýdyň subutnamasydyr.

Stokgolm şäheri 1252-nji ýylda esaslandyrylýar. XIII asyryň soňlarynda şäherdäki syýasy işjeňlik ýokarlanyp, Şwesiýanyň esasy şäherine öwrülýär.

Şäheriň myhmansöýer halky bar. Şeýle hem, Stokgolm şäheri täze açylýan tehnologiýa kompaniýalary üçin biznes şäheri hökmünde tanalýar. Aýdym-saz hyzmatlaryna gönükdirilen Spotify bütin dünýäde tanalýan şeýle kompaniýalardan diňe biridir. Spotify kompaniýasynyň merkezi edarasy henizem Stokgolm şäherinde ýerleşýär.

Stokgolmyň täsin dükanlary. Stokgolm şäheri döredijilik ugurlaryndaky üstünligi bilen halkara derejede tanalýar. Bu ýerde Şwesiýanyň iň kämil dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanan keramika harytlaryndan başlap, dürli görnüşli dokma önümlerini satýan dükanlary görmek bolýar. Stokgolmyň merkezi köçesi Strandvägen-iň ugrunda ýerleşýän Malmstenbutiken we Svenskt Tenn dükanlary dizaýn muşdaklary üçin nusgawy dükanlar bolup durýar.

Stokgolmyň söwda merkezlerinde we diňe pyýadalar üçin niýetlenen köçeleriň ugrundaky egin-eşik dükanlarynda şwed moda sungatynyň eserlerini ýakyndan görmek bolýar.

Stokgolm şäheri dünýä derejesindäki muzeýlerinden we taryhy taýdan özüne çekiji köşklerinden başlap, galereýalar we suratkeşlik öýlerine çenli sungatyň we medeniýetiň ajaýyp görnüşini hödürleýär. Milli muzeýde (Nationalmuseum) XVI asyra degişli heýkeltaraşlyk, surat we dürli önümleri öz içine alýan täsirli sungat ýygyndysy görkezilýär. 1866-njy ýylda bina edilen bu muzeýiň içki dizaýny 2018-nji ýylda gaýtadan dikeldildi.

Dükanlar bilen bir hatarda Stokgolmyň süýji kafe medeniýeti hem bar. Şwedleriň dilinde fika diýlip atlandyrylan bu medeniýet aslynda, süýji nygmatlar bilen kofe içmegi aňladýar. Bu çaýlamak we kofe içmek medeniýeti Stokgolmyň kafelerinde has meşhurdyr. Ýagny syýahatyňyzyň dowamynda dynç almak üçin ýerli kafeleriň birinde şwed fika-syny dadyp bilersiňiz.

The post Demirgazygyň Wenesiýasy Stokgolm appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Daşary Işler Ministri Fidan, Gurhanyň Ýakylmagyny Ýazgardy
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň howanyň üýtgemegi boýunça ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy
Türkiýäniň we Erdoganyň Wilnýusdaky Sammitde Pozisiýasy Ýewropanyň Metbugatynda Giň Seslenme Döretdi
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Şwesiýada Gurhana Guralan Hüjümi Ýazgardy
Türkiýe, Yragyň Şwesiýadaky Ilçihanasynyň Öňünde Gurahana Guralan Hüjümi Näletledi
Wengriýada Şwesiýanyň NATO Agzalygy Üçin Sese Goýulşyk Geçirilmedi