Demirgazyk Kawkazda terrora garşy operasiýa geçirildi

Demirgazyk Kawkazda terrora garşy operasiýa geçirildi

Milli Terrora garşy göreş komiteti: "Birnäçe terrorçylykly aksiýany amala aşyrmagy meýilleşdirýän üç şübheli howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edildi. Şübhe astynda bolan adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde geçirilen gözleg işlerinde awtomatiki ýaraglar, ok-däriler we ulanmaga taýyn partlaýjy enjamlar tapyldy" diýip habar berildi.

Ýerli wagt bilen sagat 05:30-da Kaspiýsk şäherinde we Mahaçkala şäheriniň käbir etrapçalarynda terrora garşy göreş operasiýasy başladyldy.

Operasiýa geçirilýän sebitiň daşy gabaldy, sebitiň ýaşaýjylary ulag çäklendirmelerine sezewar galdylar. Günortan operasiýanyň tamamlanandygy mälim edildi.

Mart aýynyň başynda Russiýa Federasiýasyna degişli Inguşetiýa Respublikasynda terrora garşy göreş operasiýasynyň geçiriljekdigi yglan edilipdi. Inguşetiýanyň Karabulak şäherindäki ýaşaýyş binalaryň birinde geçirilen operasiýada birnäçe adamdan ybarat terror topary täsirsiz ýagdaýa getirilipdi. Milli Terrora garşy göreş komiteti öldürilen adamlaryň terror guramasy DAIŞ-iň agzalary bolandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
“Terrory Ýok Etmekde Egilşik Etmeris”
Aziýa — Ýuwaş umman sebiti — Ýewropa ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri
PKK-a agza terrorçylar guramanyň hataryndan gaçmaga dowam edýär
Russiýada sinagoga garşy guralmagy meýilleşdirilen terrorçylykly hüjümiň öňi alyndy
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi