Demirgazyk Koreýa 3 Raketa Synagyny Geçirdi

Demirgazyk Koreýa 3 Raketa Synagyny Geçirdi

Demirgazyk Koreýanyň Ýapon deňizinde üç balistiki raketa synagyny geçirendigi habar berildi.

Günorta Koreýanyň Baş ştabyndan berlen beýannamada, Demirgazyk Koreýanyň ýerli wagt bilen 07.44 we 08.22 aralygynda Ýapon deňizine tarap üç balistiki raketa atandygy nygtaldy.

Beýannamada, Demirgazyk Koreýadan atylan raketalaryň 300 kilometrlik ýoly geçenden soň Ýapon deňizine düşendigi bellenildi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio, mejlisde eden çykyşynda raketa synagyna berk garşylyk görkezdi we Demirgazyk Koreýanyň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryny basgylaýandygyny aýtdy.

Raketa synaglarynyň mart aýynyň 18-20-sy aralygynda Günorta Koreýada ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň gatnaşmagynda geçiriljek “Gelejek nesiller üçin demokratiýa” sammitiniň öňüsyrasynda geçirilmegi ünsleri özüne çekdi.

Demirgazyk Koreýa soňky gezek 1-nji fewralda ýurduň gündogaryndan “Padasuri-6” raketasyny atypdy.

Ýene degişli makalalar

Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
5 minutda 200 müň gurluş: Xiaomi Mi Pad 5 tapgyryny bazara çykardy
ÝUNESKO-nyň sanawyna täze ýerler girizildi
Bolliwudyň ägirt aktýory, ilkinji Hany aradan çykdy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Bangladeşde gaýygyň batmagy netijesinde 26 adam ýogaldy