Demirgazyk sebitiň çörek-bulka önümlerini öndürýän hususyýetçileri önümi eksport etmäge taýýarlanýarlar

“Ýyldyrym” hususy kärhanasynyň işgärleri öndürýän önümlerini daşary ýurt bazarlaryna ibermegi göz öňünde tutýarlar.Kärhananyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Öremuhammet Annagylyjowyň aýtmagyna görä, kompaniýa önümi eksporta ugratmak işini amala aşyrmak üçin zerur resminamalary taýýarlaýar.

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň merkezinde ýerleşýän çörek-bulka we süýji-köke önümlerini öndürýän kärhana Daşoguz welaýatynda biznes-segmentiň üstünliki ösýändiginden bir mysaldyr.Kärhana sekiz ýyl mundan ozal toplumlaýyn döwlet goldawy, şol sanda ýeňillikli berlen karz netijesinde döredilipdi. “Ýyldyrym” hususy kärhanasynyň ýokary hilli we arzan önümlerine alyjylar uly isleg bildirýärler. Ýewropanyň öňdebaryjy haryt öndürijilerinden alnan hamyr garyjy we ýaýyjy enjamlar, ýarusly peçler we beýleki enjamlar söwda nokatlaryna çörek-bulka we süýji-köke önümlerinň dürli görnüşlerini ibermäge mümkinçilik berýär.

Telekeçi geljekde ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän süýt önümlerini öndürmegi özleşdirmegi-de göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen söweş sungaty ussatlary başa-baş söweş boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
04.11.2018 | Türkmen karateçileri Wengriýada geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler