Deňiz kärhanasy Maryda taýýar biznesi satýar

Deňiz kärhanasy Maryda taýýar biznesi satýar

Deňiz türkmen kärhanasy gury we çyg süpürgiçleri, şeýle-de hajathana kagyzyny öndürmäge ýöriteleşdirilen zawodyny satuwa çykardy.

Mary şäherinde ýerleşýän, umumy meýdany 1000 inedördül metre deň bolan zawod häzirki zaman ülňülerine kybap gelýän usullarda gurlup, türk öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy bir aýda 20 000 gap çygly süpürgiçleri, 80 000 gap gury süpürgiçleri hem-de 75 000 rulon hajathana kagyzyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Zawodyň meýdançasynda önümçilik sehleri, tejribehana hem-de ofis iş ýerleri bardyr.

Kärhananyň geljekki eýe boljak Deňiz (süpürgiçler) we Rahat (hajathana kagyzlary) haryt nyşanlaryny ulanmaga hukuk alýar.

Zawodyň ýerleşýän salgysy: Mary welaýaty, Wekilbazar etraby, Mülkamaşa birleşigi.

Has giňişleýin maglumat almak üçin şu telefonlar arkaly habarlaşmak bolýar: (+993 64) 68 12 78.

Şeýlede-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynda poliefir we polipropilen süýümlerini öndürýän kärhana açyldy
Mary welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Şa serpaýly ussalar
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Ykbalyny teatr sungatyna bagyşlan ynsan