Diabetde deride döreýän ýaralary çalt bitirýän işdäaçar belli edildi

Diabetde deride döreýän ýaralary çalt bitirýän işdäaçar belli edildi

Tähranyň Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň alymlary ysmanagyň ekstraktynyň süýji keselli alakalarda ýaralary çalt bitirýändigini anykladylar. Ylmy barlagyň netijeleri Scientific Reports žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Süýji keseli köpsanly uzaga çekýän agyrlaşmalar bilen baglydyr, olaryň biri hem aýlarboýy, hatda ýyllara çekýän, bitmeýän ötüşen ýaralardyr.

Eýranly alymlaryň alakalarda täze geçiren barlaglarynyň netijesinde, ysmanagyň suwunyň ýaralary tiz bitirýändigi anyklandy.

Alnan netijeler ysmanakda kollageniň, fibroblastlaryň hem-de ýaralardaky damarlarda dykyzlygy ýokarlandyrýan ýokumlaryň bolmagy bilen bagly diýlip, alymlar çaklaýarlar. Olaryň biri-de С ýokumydyr.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleri ýönekeý we birmeňzeş boldy
2024-nji ýylyň tomsy çakdanaşa yssy bolar diýlip garaşylýar
Eýranda bürünç asyryna degişli dodak boýagy tapyldy
Bilesiň gelýärmi? atly gepleşigiň nobatdaky sany ÝUNESKO bagyşlandy
25.09.2017 | Türkmenistanyň dopinge garşy agentligi Merkezi Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeleýär