Diktatoryň buýsanjy üçin kanunyň hökmürowanlygy ýok edilýär

Diktatoryň buýsanjy üçin kanunyň hökmürowanlygy ýok edilýär

Türkmen režimi ýene-de häkimiýet gurluşygy reformirlemek niýetini yglan etdi, bu bolsa, synçylaryň we Azatlygyň çeşmeleriniň pikiriçe, ýurt başyndaky Berdimuhamedow klanyna häkimiýeti tutuşlygyna öz elinde jemlemäge mümkinçilik berer. Azatlyk Radiosy planlaşdyrylýan üýtgetmeler we olaryň berip biljek netijeleri barada düşündiriş sorap, aşgabatly syýasy bilermen we publisist Kumuş Baýryýewa ýüzlendi.

Döwlet gurluşynyň we dolandyryş görnüşiniň iş ýüzünde we kanun esasda üýtgemegini başdan geçirýändigimize hiç kimde şübhe ýok.Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda bu prezident respublikasydyr.Girizilen täze üýtgetmeler, ýagny Halk Maslahatynyň eýýäm ikinji gezek dikeldilmegi bilen biz häkimiýetiň kanunylygyndaky ägirt uly kemçilikler goýberilen kanunlaşdyrylan despotizme eýe bolýarys.

Iki palataly parlament ýatyrylandan soň we Halk Maslahatynyň düzülmegine geçmek bilen jemgyýetiň öz ygtyýarlyklaryny saýlanan hökümete bermegine esaslanýan kanunylyk ýitýär.

Munuň diňe, Milli Geňeş Halk Maslahatynyň ýokarky palatasynyň başlygy wezipesinden kanagatlanmaýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň aşa çişirilen buýsanjy üçin edilýändigine doly ynam bar, oňa milletiň ruhy lideriniň rolyny oýnamak we häkimiýetiň beýleki şahalarynyň ählisine olaryň Halk Maslahatyna garaşlylygynyň üsti bilen berk gözegçilik etmek gerek boldy.

Haçan-da, Arkadag öz statusyny parlamentiň ýönekeý başlygyndan milletiň lideri, galyberse-de ruhy lider derejesine göterende, muňa halkara derejesinde öňe sürlende aýratyn bir özüne çekijilik goşup bolar.

Biz muny Nyýazowyň döwründe görüpdik, ol özi üçin taryhda bir roly we orny oýlap tapmaga synanyşdy, muny soň hem gördük, Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolan döwründe häzirki teklip edilýän konfigurasiýa eýýäm Konstitusiýada durmuşa geçirilipdi, ýöne soňra daşary ýurtly oýunçylaryň tankytlary we bu gurluşyň orta böleginiň, ýagny, Serdar Berdimuhamedowyň şol wagtky ýaşlygy we ukypsyzlygy, taýyn bolmadygy sebäpli çalt üýtgetdiler.

Indi bolsa möhlet geldi - Serdar hakyky we garşylyk bildirmýän premýer-ministriň roluny oýnamagy başarýar, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşy Pygamberiň ýaşyna ýetdi, beýleki bezegler hem taýýarlandy - täze oýlanyp tapylan Arkadag tituly, başynyň boýalmadyk çal saçy - öňküsi ýaly mikrodolandyryş bilen başagaý bolmak hem zerur däl, ýöne ýurt içinde syýahat edip, hemmä akyl berip bolýar, muňa jemgyýetden hiç hili ygtyýarnama ýa-da mandat bolmazdan, islendik syýasy we ykdysady kararyň kabul edilmegine berk usullar bilen täsir ýetirmek mümkinçiligi döreýär. Şeýlelikde, minimal jogapkärçilik we şübheli kanunylyk bilen maksimal ygtyýarlyk döreýär - ine size absolýut, gözegçiliksiz we çäksiz azdyrýan häkimiýet.

Berdimuhamedow, ýurduň konstitusiýasyndan galan zatlaryň üstünde edýän tanslary bilen, kanuna we döwletlilige bolan ynamyň hem hormatyň soňky galyndylaryny hem ýok edýär. Hökümet konstitusiýa we umuman kanuna şeýle çemeleşýän bolsa, halkdan nämä garaşyp bileris. Daşary ýurtlulardan nämä garamaly, olar hem döwletiň esasy kanunlaryny interýeriň köne elementi ýaly her iki-üç ýyldan üýtgedýänlere hormat goýmaz.

Öňümizde bize kyn günleriň garaşýandygyny çaklaýaryn.Garrap barýan diktator durmuşa bolan öz garaýyşlaryny, milli gymmatlyklar barada köplenç wagşy we könelişen düşünjesini tutuş halkyň boýuna dakmagy gowy görýär, söz azatlygyndan we başgalaryň pikirinden aşa gorkýar, ol öz töwereginde esasy artykmaçlygy başarjaňlygy däl-de, wepalylygy bolan bir giden ýaranjaňlary ýetişdirdi, adamyň esasy gymmatlygyny ony raýat edýän häsiýeti - mertebesini bilkastlaýyn ýok etdi.

Hemmeleriň bu bolgusyzlygyň tebigy taýdan soňlanmagyna garaşmagyndan, mydama gorkuda bolup, hatda ýatmazdan ozal “Arkadaga şohrat!” diýip gaýtalamagyndan ybarat agyr döwürler geler.

Bu teswirde öňe sürlen pikirler awtoryň nukdaý nazary bolup, Azatlyk Radiosynyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diktatoryň buýsanjy üçin kanunyň hökmürowanlygy ýok edilýär
ÝHHG Türkmenistandaky saýlawlara negatiw baha berdi, oppozisiýa ýok, metbugata häkimiýet agalyk edýär diýdi
Halkara metbugaty 'Berdimuhamedow anekdoty' üçin tankyt edilýär
HORMATLY ARKADAG: Halkyñ elinde ne pul galdy, ne-de puluna alara haryt
Türkmen jemgyýetinde täze maşgala gurlanda “galyň” salgydyny tölemek däbi saklanyp galýar
Türkmenistan Watan goragçylarynyň gününi belleýär, “Bellingcat” gizlin ýarag söwdasyny derňeýär