Diktatoryň ölümi: awtoritar hökümdar ýogalansoň, näme bolup geçýär?

Diktatoryň ölümi: awtoritar hökümdar ýogalansoň, näme bolup geçýär?

Diktator aradan çykandan soň, öňki sowet respublikalarynda nämeler bolup geçdi? Demokratik özgerişlikmi? Maýylganlyk we ýowuzlygyň gowşamagymy? Ýa-da bir diktatoryň ornuna diňe täze diktator gelýärmi? Muňa soňky wagtlarda birnäçe awtoritar ýolbaşçylaryň ýogalan sebitiniň mysalyndan seredeliň.

Ýurdy ölýänçä dolandyrmak diňe monarhlara degişli däldir. SSSR-de muňa "wezipede wagty ölmek" diýilýärdi, mysal üçin, Lenin, Stalin, Brežnew, Andropow, Çernenko bilen ýagdaý şeýle bolupdy.

Täze taryhda-da bu şeýle, Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazowyň, Özbegistanda hem Yslam Kerimowyň ölümini ýatlamak mümkin.

Kerimow garaşsyz Özbegistana 25 ýyllap, tä 2016-njy ýylyň garaşsyzlyk gününe çenli ýolbaşçylyk etdi.

"Kerimowyň ölümi bize garaşylmadyk waka boldy diýip, özbek dissidenti Muhammet Salyh ýatlaýar. Sebäbi Kerimowyň aradan çykan wagtynda, saglygy kadalydy. Nähili bolaýanda-da, onuň saglygy barada, ýiti alada ýokdy.

Ýalňyşmasam 2016-njy ýylyň awgust aýynyň aýaklarydy. Web sahypadan, ýagny biziň oppozision partiýamyzyň "Erk" saýtyndan, Kerimow agyr kesel, belki, ölendir diýen garaşylmadyk habary aldyk. Diňe üçünji gün... Ýalňyşmasam, üçünji gün baýramçylyk bolupdy. [Garaşsyzlyk güni] meniň pikirimçe, onuň gutlagyny okadylar. Ýagny prezidentiň adyndan gutlag okaldy. Netijede, olar üç günläp, Kerimowyň ölümini ýaşyrdylar".

Öz döwründe Türkmenistanyň ömürlik prezidenti derejesini almagy başaran Saparmyrat Nyýazowyň ölümini hem hökümetler gizlinlikde saklapdy.

"Nyýazow soňky ýyllarda agyr keselledi diýip, türkmen dissidenti Nurmuhammet Hanamow gürrüň berýär.Nemes lukmanlarynyň bejerýändigine garamazdan, onuň agyr süýji keseli bardy hem örän ýokary gan basyşyndan ejir çekýärdi.

Olar ýörite gelip, barlag geçirip, öz maslahatyny berýärdiler. Ýöne dogrusyny aýtsam, Nyýazow ol maslahatlary bozýardy.Ol özüne zyýan ýetirýär diýen zady iýmegi gowy görýärdi.Konýak içmegi halaýardy.

Bularyň bary, elbetde, onuň saglygyny has-da ýaramazlaşdyrdy”.

Men [Nyýazowyň ölümini] bilenimde, Aşgabatdaky tanyşlaryma jaň edip başladym.Olar: “Häzir göreris, telewizory açýarys" diýdiler.Olar ýaňy oýanypdylar.Telewizory açyp: “Hawa, ir ertir köplenç käbir programmalar, täzelikler ýa-da konsert bolýardy.

Häzir diňe saz gidip dur, başga zat ýok diýdiler diýip, Hanamow ýatlaýar.Muny biz SSSR-iň tejribesinden bilýäris: baş sekretarlar ölende, mydama haýsydyr bir saz bilen utgaşýardy.Eýýäm köp zat düşnükli.

Biraz wagtdan soň olar munuň şeýledigini tassykladylar.

Sowet telewideniýesinde "Guw kölüniň" berlişi ýaly, 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda, Türkmenistanyň tele ekranlarynda Nyýazowyň portretiniň garşysynda, meşhur türkmen klassyky kompozitorynyň gynançly fortepiano sazy berildi.

Habara derek saz bermek, hamana diri prezidentiň gutlagy bulary näme üçin edýärler? Sebäbi diktator bolan döwlet baştutany aradan çykan halatynda, hereketleriň aýdyň sazlaşygy seýrek duş gelýär. Umuman aýdylanda, nominasiýa boýunça, elbetde, bar proseduralar hatda Konstitusiýada hem göz öňünde tutulyp bilner. Emma iş ýüzünde, ol düzgüne eýerilmeýär.

2-nji adam

Diktatorçylyk we awtoritar düzgün esasynda, häzirki ýolbaşçydan başga häkimiýetiň agyr ýüküniň hötdesinden gelip biljek hiç kim ýok diýen pikir döredilýär. Diktatorlaryň köpüsi häkimiýetde wagtynda, öz bäsdeşlerinden dynmaga çalyşýarlar. Ýöne ýokary syýasy gatlagyň arasynda, mydama potensial orun eýelejekler bar.

Emma döwlet baştutanynyň borçlary hemme ýagdaýda olara kanun boýunça geçmän biler. Mysal üçin, Türkmenistanyň şertinde, Saparmyrat Nyýazow aradan çykan halatynda, parlamentiň başlygy Öwezgeldy Ataýew onuň borçlaryny ýerine ýetirmelidi. Emma onuň ýerine häkimiýet şol döwürde alty ýyl bäri premýer-ministriň orunbasary bolan Gurbanguly Berdimuhamedowyň eline geçdi.

"Parlamentiň başlygynyň köne etmişini dessine ýada saldylar diýip, Hanamow aýdýar. Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselede oňa prezident goragynyň ýolbaşçysy Rejepow ýardam berdi çaltlyk bilen Ataýewiň garşysyna öňki başlanan we soň ýapylan işi öňe sürdi. Şol işden peýdalanyp, Ataýewi aýypladylar hem derrew gözenegiň arkasyna geçirdiler. Şeýdibem olar Berdimuhamedowyň ýoluny açdylar. Muňa döwlet agdarylyşygy diýse-de bolar”.

Ataýewi 2006-njy ýylyň dekabr aýynda türmä basdylar, şondan bäri-de o barada hiç zat mälim däl. 2012-nji ýylda Türkmenistan Daşary işler ministrligi Ataýewiň türmeden boşadylandygyny aýtdy. Emma biz bu maglumaty garaşsyz çeşmelerden tassyklap ýa-da iň bolmanda syýasatçynyň diridigini tassyklap bilmeýäris.

Özbegistanda diktatoryň ölüminden soň, häkimiýet çalşygy has asuda ýagdaýda geçdi.

"Nigmatulla Ýuldaşew parlamentiň başlygydy diýip, Muhammet Salyh gürrüň berýär. Ol Respublikanyň Konstitusiýasynda berkidilen öz borjundan ýüz öwürdi, şoňa laýyklykda ol Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirmelidi. Ol boýun gaçyrdy. Döwlet işlerinden habarynyň ýokdugyny, işjeň syýasata baş goşup bilmejekdigini ýa-da birnäçe biderek bahanalary getirip, [prezidentiň wezipesini ýerine ýetirmek] ornuny premýer-ministr Şawkat Mirziýoýewe berdi".

Diýmek, prezidentiň ölüminden soň häkimiýeti çalyşmagy kesgitleýän mehanizm işlemän bilýär. Diktator öldi, parlamentiň başlygy öz borçlaryny ýerine ýetirmeýär, teoretiki taýdan oppozisiýanyň öz alternatiw ýeke-täk kandidaty bilen çykyp biljek wagty gelýär. Ýöne ne Özbegistanda, ne-de Türkmenistanda olara oýna girmek başartmady.

Oppozisiýa nirede?

"Kerimowyň ölümi wagtynda oppozisiýanyň häkimiýet başyna gelmegine hiç bir mümkinçilik bolmady diýip, Muhammet Salyh ýatlaýar. Sebäbi Kerimowyň höküm süren 27 ýyllyk döwrüniň dowamynda, bar bolan oppozisiýa gurluşlarynyň ählisi repressiýa we döwlet terrory sebäpli ysmaz bolupdy. Dolulygyna. Türmä basyldy. Ýok edildi. Olar ýurtdan kowuldy.

Biz hatda öz ýygnaklarymyzy gizlin halda-da geçirip bilmedik. Bir jaýa hatda 10 adamy ýygnap bilmedik. Derrew yzymyzdan gelip gapjadylar. Özbegistanda rehimsiz syýasy repressiýa şeýle boldy".

Özbegistanda bolşy ýaly, türkmen oppozisionerleri-de yzarlanyp gelindi, oppozisiýanyň ähli aktiw agzalary diýen ýaly, Saparmyrat Nyýazow aradan çykan wagty ýa eýýäm türmede otyrdylar, ýa-da ýurdy terk etmäge mejbur bolupdylar diýip, Nurmuhammet Hanamow ýatlaýar.

"Biz hereket edip başladyk, oppozisiýanyň hem prezident saýlawlaryna gatnaşmaga taýýardygyny [aýtdyk]. Bu ýerde çäreler geçirdik. Bu işde bize adam hukuklary boýunça halkara guramalary kömek etdi.

Soňra biz bu meseläni Ýewropa Bileleşigine ýetirdik. Ýewropa Bileleşigi we Ýewropa parlamentarlary bizi oppozisiýa hökmünde goldaýandygyny aýtdylar we şol wagtyň özünde kepil geçjegini bildirdiler, sebäbi 2002-nji ýylda Orazow ikimiz gozgalaň turuzmaga synanyşykda we Nyýazowyň janyna kast etmekde galplyk bilen aýyplanyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdik. Şoňa görä, Türkmenistanyň prezident saýlawlary boýunça öz kandidaturalarymyzy görkezmek üçin, respublika gaýdyp barsak, bizi öňki höküme görä, derrew türmä basardylar".

Şeýlelikde, alternatiwadaky kandidat ýok. Ýeke-täk sorag: häkimiýetiň ýeke-täk kandidaty kim?

Hökümetden kandidatlar

Kerimowyň aradan çykan wagty Şawkat Mirziýoýew 13 ýyllap Özbegistanyň premýer-ministri bolupdy. Emma Kerimow diri wagtynda, ol ýeke-täk potensial mirasdüşer däldi.

Şeýle hem premýer-ministriň orunbasary Rustam Azimow bardy (ol Oksfordy tamamlap, daşary ýurt ykdysadyýetine we maýa goýumlaryna gözegçilik edýärdi). Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy Rustam Inoýatow bardy. Olara köplenç iň esasy üç bäsdeş diýilýärdi. Ýöne Kerimow öleninde, olaryň aralarynda hiç bir bäsleşik bolmady, iň bolmanda daşyndan görünmedi.

Kerimow ölen wagtynda, eýýäm Daşkentde indiki boljak işleriň ssenarisi taýýarlanypdyr diýip, Muhammet Salyh hasap edýär.

Wezipeler bellenilipdir.Olaryň her biri özüne tabşyrylan roly takyk ýerine ýetirdi.Hemmeler oýnadylar.Nigmatulla Ýuldaşew bolsa ilkinji günden we birinji ädimden, ýazylyp berlen teksti sözme-söz okady.

Ol şol tekstiň çäginden çykmady. Çykaýjak kandidat hökmünde görülýän beýleki adamlardan, ne Rustam Azimow, ne-de beýlekileri hiç bir mynasyp kandidat bolmady.Kandidat Kerimowyň ölüminden has öň kesgitlenen bolmaly.

Men şeýle pikir edýän.

Türkmenistandaky ýagdaý has bulaşyk bolup, Berdimuhamedowyň häkimiýete gelmegi açyk belli däldi. Bilermenler onuň örän bagtynyň çüwendigini aýdýarlar. Sebäbi Nyýazow öz töweregini arassalap, ähli potensial bäsdeşleri aýyrýardy. Şoňa görä-de, syýasy topardaky saýlananlar mydama üýtgeýärdi.

"Iş ýüzünde tä Saparmyrat Nyýazow ölýänçä diýen ýaly, Berdimuhamedow kölegede boldy diýip, Hanamow düşündirýär. Hatda soňky ýyllarda Nyýazow ölmedik bolsa, bilmedim, onuň premýer-ministriň orunbasary wezipesini saklap-saklamajagy-da belli däldi. Sebäbi soňky wagtlarda Nyýazow ony güýçli tankytlaýardy. Hemmeler onuň täleýi çözülýär diýip oýlanýardy. Emma soňra bar zat tersine boldy. Nyýazow aradan çykdy, Berdimuhamedow ondan peýdalandy.

Ol ýerde Berdimuhamedowdan öň güýçli bäsdeşler bardy. Owaly bilen Rejep Saparow. Ol Nyýazowa örän ýakyn [adam] bolupdy. Ikinjisi bolsa Ýolly Gurbanmyradow. Ýöne sözüň dogry manysynda bu Berdimuhamedow üçin örän amatly boldy, Nyýazow ömrüniň soňky ýyllarynda olaryň ikisine-de höküm çykaryp, türmä basdyrdy. Şoňa görä-de Berdimuhamedowa ýol açyldy".

Diktatoryň jaýlanyşy

Şeýlelikde, diktator ýogaldy. Täze ýolbaşçy geljekki prezident kesgitlendi. Az iş galdy: köne diktatory jaýlap, öňünden bellenilen tertipde saýlawlary geçirmek. Ol hem beýleki ýagdaýlaryň ikisi-de formal çäre bolup durýar. Baryp Sowet döwründen bäri möhüm kanuna laýyklyk bar: täze ýolbaşçy boljak öňki diktator aradan çykandan soň, onuň jaýlanyş komissiýasynyň başlygy bolmaly.

Lenin aradan çykanda, onuň jaýlanyş komissiýasynyň başlygy Stalin bolupdy. Soňra kommunistik partiýanyň ýolbaşçylygyny, ýüzugra bolmasa-da, soňraky ýüze çykan syýasy göreşde, birnäçe bäsdeşini ýok etmek bilen ol ele aldy.

Staliniň jaýlanyş komissiýasyna Hruşýow ýolbaşçylyk edipdi. Onuň ýerine geçen Brežnew ölýänçä wezipede oturdy. Öňki däp dowam edip: Brežnewi Andropow jaýlady; Andropowy Çernenko; Çernenkony bolsa soňky ýoluna Mihail Gorbaçow ugradyp, ol SSSR-iň iň soňky prezidenti boldy.

Türkmenistan lideri jaýlamak däbini saklamagy karar etdi. Nyýazow aradan çykanda, sowetleriň däbi örän peýdaly bolup, Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurda tanatdy. Öň jaýlanyş komissiýasyna başlyklyk etmek bilen Staliniň, Hruşýowyň we Andropowyň tejribesinde bolşy ýaly, ýüz ugra möhüm yşaraty bermäge mümkinçilik döredi.

Özbegistanda Yslam Kerimow aradan çykanda, Şawkat Mirziýoýew ony jaýlamak komissiýasyna ýolbaşçylyk etdi hem nobatdaky prezident boldy.

Diktatura 2.0

"Eger ýadyňyzda bolsa Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazow tutuş bilim ulgamyny diýen ýaly doly ýok etdi orta bilim (mekdepleri) hem-de ýokary okuw jaýlaryny diýip, Hanamow gürrüň berýär.Göz öňüne getirip bilýäňizmi, iki ýyllyk uniwersiteti ýa-da öň ýedi ýyl okap, soňra iki ýyl hem tejribe geçýän medisina institutyny?

Diňe şondan soň diplom alyp bilýärdiler.Ol munuň ählisini iki ýyla düşürdi.

On bir ýyllyk mekdebi 9 ýyllyk edip, esasy sapaklaryň köpüsini aýyrdy, esasy [galan] sapaklaryň biri hem “Ruhnama” onuň eseri bolupdy. Bilim ulgamy bu bir. Ikinjiden, ol pensionerleri kömek pullaryndan mahrum etdi. Türkmenlerde garrylara çagalary seretmeli diýen däp bar. Aý atlaryny, hepdäniň günleriniň atlaryny üýtgetmek ýaly, geň çäreler kabul edildi.

Berdimuhamedow prezident boldy Men "boldy" sözüni tötänden aýdamok, ol saýlanmady, diňe boldy ol, elbetde, ilkinji gowy ädimleri ätdi, onuň şol kürsini nädip eýeländigini bilsek-de, ilkinji ýyllarda biz ony hatda tankyt hem etmedik. Ol pensiýa haklaryny dikeltdi, bilim ulgamyny, aý atlaryny we hepdäniň günleriniň atlaryny üýtgedip başlady. Bular onuň ilkinji ädimleri, biz onuň ýurtda reformaçy bolup biljekdigine ynanýardyk.

Berdimuhamedow ilkinji ädimleri äden ýaly bolup görünse-de, soň Nyýazowyň usullaryna eýerdi, halky gorkuda saklap, oppozisiýa garşy göreşdi.Onuň Nyýazowdan ýaramaz taraplary-da boldy.Nyýazow ýetimhanada ulalansoň, onuň dogan-garyndaşy ýok diýerlikdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal doganlary, şoňa görä-de, eýýäm ýetişen ýegeni bar. Şonuň üçinem düşewündi köp, ähli esasy ýerler onuň tiresiniň Berdimuhamedowlaryň bilelikdäki eýeçiligine geçip başlady we bu güne çenli-de dowam edýär.

Biz Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky režime, bu günki günde onuň ogly dolandyrýan düzgüne garşy göreşimizi dowam etdirýäris.Onuň oglunyň gelmegi bilenem hiç zat üýtgemedi.Aýallara garşy girizýän düzgünine serediň: saçy boýamak, parfýum ulanmak, kosmetika, dodagy ýa-da dyrnagy boýamak gadagan.

Bu orta asyrlara dolanmakmy?Hatda orta asyrlarda-da aziýaly aýallar saçlaryny hyna bilen boýap, sürme ulanypdyrlar.Kiçi Berdimuhamedow şol gadymy düzgündenem üstün çykdy”.

Türkmenistanda Nyýazow eýýäminiň Berdimuhamedowa geçiş döwri bilen Özbegistanda Kerimow zamanynyň Mirziýoýewe geçiş döwri daşky keşbinden düýbünden tapawutlanýar. Her niçigem bolsa, göze ilginç, haýran galdyryjy özgertmeler, "şöhratly reformalar" ol ýurtlaryň syýasy sistemasyna täsir etmedi.

Özbegistanda-da häkimiýetiň çalyşmagy bilen üýtgeşikligiň bolandygyny, emma munuň hakykat ýüzünde syýasy sistemadaky özgerişlere getirmändigini Muhammet Salyh ýatlaýar.

"Mirziýoýewiň gelmegi bilen sosial-syýasy durmuşda, hususan-da ykdysady giňişlikde we daşary syýasatda daşarky liberalizasiýa tarap ilkinji ädimler ädildi. Ol Täjigistana we Gyrgyzystana gapylary açyp, gümrük ulgamyny ýeňilleşdirdi. Pul almaşygy ýeňilleşdirdi, adamlar puly islän ýerinde çalşyp bilýärler, walýuta alyş-çalyş edaralary açyldy. Emma doly möçberde syýasy reformalar geçirilmedi.

Diňe bir režimiň üýtgemezligi däl, eýsem esasy kadrlar hem üýtgemän, öňküler galdylar diýip, Salyh aýdýar.Häzirki syýasatda öňki KGB generaly Rustam Inoýatowyň henizem täsiriniň duýulýandygyna men ynanýaryn.Onuň syýasaty henizem Özbegistanda dowam edýär, onuň özi görünmese-de, goýan kadrlary ýörite gulluklarda otyr, ählisi diýen ýaly KGB, FSB bilen Moskwa baglanyşykly.

Kanun goraýjy edaralary köne, Sowet KGB-niň emeldarlaryndan doly arassalamaly ahyryn.Diňe şonda özgerişlik bolmagy mümkin, sebäbi özgertmelere esasy böwet Kerimow düzgüninden galan KGB ulgamydyr.

Häzir men hiç zat aýdamok, dymýaryn, sebäbi aýdanyň peýdasyz. Eger men aýtmaly bolsam, mundan 25 ýyl ozal aýdanlarymy gaýtalamaly bolaryn. Şol bir sözi gaýtalamak meniň nämäme gerek, 25 ýyllap şol bir zady gaýtalamak maňa utanç, şonuň üçinem köp ýagdaýda dymýaryn. Meniň dymmagym bu meniň iň agyr protestim".

Berdimuhamedow hem, Mirziýoýew hem, esasan öz döwürdeşleri bolan öňki döwlet apparatyna bil baglaýarlar.Deputatlar, syýasatçylar, howpsuzlyk işgärleri öňküleri ýaly işleýär. Şoňa görä-de, olar gelensoň, bu ýurtlarda täze düzgünler ornaşdyrylman, köplenç köne düzgün ýöredilýär, bu diňe diktaturanyň 2.0 görnüşidir.

Mirziýoýew hem ikinji möhletinden soňra hökümetde galmak üçin, Kerimow ýaly Konstitusiýany üýtgetdi.Berdimuhamedow bolsa has aňry gidip, öz ogluny prezident edip goýdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diktatoryň buýsanjy üçin kanunyň hökmürowanlygy ýok edilýär
Halkara metbugaty 'Berdimuhamedow anekdoty' üçin tankyt edilýär
HORMATLY ARKADAG: Halkyñ elinde ne pul galdy, ne-de puluna alara haryt
Türkmen jemgyýetinde täze maşgala gurlanda “galyň” salgydyny tölemek däbi saklanyp galýar
Türkmenistan Watan goragçylarynyň gününi belleýär, “Bellingcat” gizlin ýarag söwdasyny derňeýär
Türkmenistanda “Ýerasty Altylyk” filminiň ýerasty prokaty üçin jerime salýarlar