Dillian Uaýt Powetkini nokauta gidirip, dünýäniň wagtlaýyn çempiony boldy

Dillian Uaýt Powetkini nokauta gidirip, dünýäniň wagtlaýyn çempiony boldy

Gibraltarda geçirilen boks agşamynyň esasy duşuşygynda WBC-iň aşa agyr agramda wagtlaýyn çempiony Aleksandr Powetkin Dillian Uaýt bilen rewanş duşuşygyny geçirdi.

Geçen ýylyň awgustynda Powetkin duşuşygyň 5-nji raundynda Uaýty nokauta gidiripdi. Bu gezek bolsa Uaýt 4-nji raundda Powetkini nokauta gidirdi. Netijede Uaýt WBC boýunça aşa agyr agramda dünýäniň wagtlaýyn çempiony boldy. Powetkin karýerasynda üçünji gezek ýeňildi. Onuň hasabynda 36 ýeňiş bar. Uaýt 28-nji ýeňşini gazandy.

Ýene degişli makalalar

Bu gezek Powetkin ýeňildi
Joşuanyň 21-nji ýeňşi,Powetkiniň 24-nji nokauty
Joşua bilen Powetkiniň tutluşygy
Ýykylan göreşden doýmaz
Aleksandr Powetkin 2020-nji ýylyň iň gowy nokautynyň awtory boldy
Olimpiýa çempiony Powetkin karýerasyny tamamlady