Diş çotgasyny nähili arassalamaly?

Her günde dişimizi çotgalap ýuwmalydygymyzy hemmämiz bilýäris. Eýsem, diş çotgasyny nähili arassalamalyka?

Ilki bilen, diş çotgasyny diňe suw bilen ýuwmaly. Ony arassalamak üçin başga arassalaýjy serişdeleriň hiç birini ulanmaly däl.

Suw bilen mazaly ýuwlandan soňra aşhana kagyzyna dolap goýuň! Şeýdilende, onuň üstündäki göze görünmeýän bölejikleri kagyz özüne siňdirýär. Birnäçe sagatdan soňra kagyzy aýryp, suw bilen durlanyňyzdan soňra ulanyp bilersiňiz.

Diş çotgasyny tozanly we ş.m. siňip biljek ýerde goýmaň!

Her gezek ulanylandan soňra, mazaly ýuwup, suwuny başaşak tutup silkmek arkaly guradyň!

Gyzgyn suw hapany has gowy arassalaýar. Gap-gaçlar ýuwlanda gyzgyn suwdan peýdalanylsa, ýag we beýleki hapalar aňsatlyk bilen aýrylýar. Gaýnan suw diş çotgasyndaky mikroblary ýok edýär. Diş çotgasyny 5 minut çemesi gaýnan suwa salyp goýuň!

Ak sirke garylan suwda bir gije goýlan diş çotgasy hem gowy arassalanar.

Unutmaň, hernäçe arassalanýan hem bolsa, diş çotgasyny üç aýdan köp ulanmak maslahat berilmeýär!

Taýýarlan Aýmyrat Hudaýberdiýew,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Diş çotgasyny nähili arassalamaly?
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Parahatçylygyň ýaş çaparlary taslamasynyň VIII saýlama bäsleşigi geçirildi