Diýarymyz dünýäde sport ýurdy hökmünde tanalýar

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherçesine gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz özboluşly sport toplumy bolan, diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalaryndaky ýagdaýlar bilen tanyşdy. Bu ýerdäki iň iri desga Olimpiýa stadiony bolup, onuň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde dessine ünsüňi özüne çekýär.

Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp stadionyň mümkinçilikleriniň şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk beýik baýramçylygynyň dabaralaryny geçirmekde-de örän uludygyna ünsi çekdi.Iň naýbaşy baýramçylyk dabaralarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen şöhratly ýollaryny aýdyň we giňden beýan etmekde stadionda döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden oýlanyşykly peýdalanylmalydygy barada aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu baýramçylyk dabaralary türkmen ruhuna laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde olarda häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ösdürilýän sport we Olimpiýa hereketiniň, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň neneňsi ýaýbaňlandyrylyşy öz beýanyny tapmalydyr.

2017-nji ýylda Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu ýaryşlaryň ýokary derejesini yzygiderli bellediler. Döwlet Baştutanymyz iri sport çärelerine taýýarlyk görlüşini hut özi gözden geçirýär, bu bolsa olaryň uly üstünlige beslenmegini şertlendirýär.

Milli Liderimiz ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, sowatly bolup ýetişmekleri bilen bir hatarda, olaryň watançylyk duýgusynyň ýokary bolmagyny gazanmagyň möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şunda halkara derejelerinde geçirilýän ýaryşlarda öňdäki orunlary eýeläp, Watanymyzyň ýaşyl tugunyň belende galdyrylmagy arkaly Döwlet senamyzyň ýaňlandyrylmagy ýaşlarda watançylyk duýgusynyň terbiýelenmeginde örän ähmiýetlidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz türkmen türgenleriniň beýik ýeňişleri gazanyp, uly üstünligiň hormatyna milli tugumyzy belentde parlatmak ugrunda zerur tagallalary etmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýakynda türkmen sportunyň beýik sepgitleri eýeleýändigini aňladýan hoş habaryň gelip gowşandygyny, agyr atletika boýunça ýurdumyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň dünýä ýyldyzy bolup dogandygyny, şeýlelikde türkmen ýyldyzynyň dünýä şugla saçyp, milli sportumyzyň ösüşiň has-da belent derejesine çykýandygyny subut edendigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şunuň ýaly üstünlikleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

2021-nji ýylda hem ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyry geçiriler. Hormatly Prezidentimiz bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hasabatyny diňledi.

Döwlet Baştutanymyza şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri daşary ýurtly türgenleriň ýokanç kesellerden goranmaklary üçin olara sanjym geçiriljekdigi, munuň üçin hemme zerur şertleriň bardygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dünýäde köp ýurtlaryň pandemiýa bilen bagly sanjymlary öndürip başlandygyna ünsi çekdi. Aýdaly, Sputnik V sanjymyny ulanmaga doly haklydyrys. Sebäbi biz bu sanjymy bellige aldyk.

Geljekde bu ugurdaky işleri dowam etmegiň hem-de beýleki ýurtlaryň öndürýän sanjymlaryny bellige almak bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Çünki ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden türgenler paýtagtymyza geler.

Bizde bellige alnan sanjymyň bolandygyna garamazdan, daşary ýurtly türgenleriň beýleki öňüni alyş sanjymlaryna ýa-da beýleki serişdelere isleginiň bolmagy mümkin. Şoňa görä-de, daşary ýurtdan geljek türgenleriň saýlamaga mümkinçiligi bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz bu sanjymlaryň ähli görnüşlerini mugt üpjün etmelidiris. Munuň üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk welotrek toplumyna geldi.

Dünýä ölçeglerine kybap gelýän Olimpiýa şäherçesinde ajaýyp welotregiň gurulmagy Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmekde möhüm waka hem-de ösüşiň nobatdaky tapgyry boldy. Daşary ýurtly bilermenleriň hem-de Halkara welosipedçiler birleşiginiň hünärmenleriniň baha bermegine görä, bu ýerde degişli talaplaryň hemmesi berjaý edilip, zerur maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Bu bolsa has ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin şertler döredýär.

Hormatly Prezidentimiz 6 müň orunlyk üsti ýapyk welotrek toplumynda tomaşaçylar üçin niýetlenen münberleri, welotrek meýdançasyny gözden geçirip, türgenler, eminler we janköýerler üçin döredilen şertlere baha berdi.

Şu ýerde döwlet Baştutanymyz sport we ýaşlar syýasaty ministriniň welotrek boýunça dünýä çempionatyna degişli hasabatyny diňledi. Habar berlişi ýaly, welotrek boýunça dünýä çemionatyna daşary döwletleriň 40-a golaýyndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Welotrek sportunyň ýaryşlary 10 görnüş boýunça geçiriler. Şunda olaryň erkekleriň we zenanlaryň hersiniň arasynda geçiriljekdigini göz öňünde tutanyňda jemi 20 ýaryş guralar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaryşlaryň dünýä talaplaryna laýyk gelýän iň ýokary halkara ölçegleriniň derejesinde geçirilmelidigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz hususan-da, türkmen türgenleriniň gatnaşmagyndaky ýaryşlarda ulanyljak welosipedlerde milli öwüşginlerimiziň aýratyn ýüze çykmalydygyny, esasan-da, türgenlerimiziň türkmen tuguny parlatmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz geçiriljek dünýä ýaryşlarynda türgenleriň sagdynlygyna we dopinge degişli meselelerde işleriň bildirilýän halkara talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi.

Bu ýerde Doping gözegçiligi merkezi guruldy, onuň mümkinçiliklerinden netijeli we doly peýdalanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň bildirilýän talaplara laýyklykda saklanylmalydygyna ünsi çekdi. Sport desgalarynyň her biri niýetlenen maksadyna görä ulanylmalydyr, olarda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna has giňden çekilmegi üçin ähli çäreler görülmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine käbir tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýaryşlary dünýä ýaýmak maksady bilen, Olimpiýa şäherçesindäki Halkara göni ýaýlyma beriş merkeziniň işiniň ýokary halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini tabşyrdy.Bu merkezde işlejek hünärmenlerimiz bu ýerdäki tehnikalardan peýdalanmak bilen, işlerine ussatlarça erk edip, ýaryşlaryň alnyp görkezilişini ýokary hil derejesinde üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ähmiýeti barada aýdyp, oňa dünýäde höwesekleriň az däldigini nygtady. Milli Liderimiz geçiriljek bu ýaryşyň halkara sport guramalary bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň barha pugtalandyrylýandygyna hem şaýatlyk edýändigini belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz şu ýyl geçirilmegi bellenen dünýä derejeli abraýly ýaryşlara taýýarlyk görülmegi babatda alnyp barylýan ähli işleri gözegçilikde saklamalydygyny, bu ugra degişli ähli meseleleriň öz wagtynda we maksadalaýyk çözülmelidigini aýtdy hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk Tennis toplumyna tarap ugrap, Aşgabatda Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki barha belende göterilýän abraýynyň aýdyň subutnamasydygyny hem-de Diýarymyzda sporty, şol sanda tennis oýnuny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdigini belledi.

Bu ýaryşlara degişli institutyň talyplarynyň we ýurdumyzyň türgenleriniň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Hormatly Prezidentimiz sport ulgamyndaky häzirki zaman dünýä meýillerini we Türkmenistanda geçiriljek iri halkara ýaryşlaryny nazara almak bilen, Olimpiýa şäherçesiniň ähli mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, oňa häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak esasynda bu işleri kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Toplumyň tennis zaly häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, bu ugurda ähli görkezijileriň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde tennis zalynyň mümkinçilikleri halkara ölçeglerine doly kybap gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Beýleki sport desgalarynda bolşy ýaly, onuň taslamasy düzülende we gurlanda Halkara Olimpiýa komitetiniň ähli tehniki kadalary doly göz öňünde tutuldy we ýerine ýetirildi.

Häzir sebitde iň iri bu sport şäherçesi uly ýaryşlary guramak, türgenleri taýýarlamak we saglygyny berkidýänler üçin türgenleşikleri geçirmek üçin peýdalanylýar. Bu ýerde Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleşik geçýändigini, şeýle hem 2021-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini bellemeli.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde dünýä derejesindäki Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Şeýlelikde, bu ýaryşlary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hemme çäreler görülmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli waka öwrüler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen tennisçileri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Aşgabatda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen türgenleriniň has-da ýokary netije gazanjakdyklaryna ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta bolan höwesiniň ýokarydygyny belledi we türgenlerimiziň gazanjak üstünlikleriniň Türkmenistanyň Tuguny belentde pasyrdatjagyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesiniň binalarynda halkara duşuşyklary guramagyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini, bu ýerde türgenler we janköýerler üçin hemme şertleriň döredilendigini, bu meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz taýýarlyk işlerine gözegçilik etmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Wise-premýer M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulýan bedenterbiýe we sport, köpçülikleýin sagaldyş çäreleri hem-de ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ýaryşlaryna ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de Olimpiýa şäherçesinde bolmagynyň netijelerini jemläp, şu ýyl geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryň ähmiýetini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer M.Geldinyýazowa bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly hem-de hemmetaraplaýyn taýýarlykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şol ýaryşlaryň netijeleri Türkmenistanyň sport ulgamynda ýeten belent derejesini, halkymyzyň milli medeniýetini, baý mirasyny, myhmansöýerligini, mähirliligini we açyklygyny örän aýdyň görkezmelidir. Ýurdumyza gelen myhmanlar şu aýratynlyklardan özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda käbir görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen, biz bu ulgama uly möçberlerde maýa goýumlaryny gönükdirýäris diýip belledi hem-de bu işleriň anyk netije bermegi ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara dünýä standartlarynyň ýokary talaplaryna kybap gelýän sport üpjünçilik ulgamyna eýe bolan, Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde toplan tejribesiniň netijeli ulanylmalydygyny tabşyrdy we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

The post Diýarymyz dünýäde sport ýurdy hökmünde tanalýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmen türgenlerine hormatly Prezidentimiziň sylaglary...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde täze wezipeler goýuldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi