Dmitriý Homuha Russiýanyň Kaluga futbol toparynyň baş tälimçisi boldy

Dmitriý Homuha Russiýanyň Kaluga futbol toparynyň baş tälimçisi boldy

Russiýaly hünärmen Dmitriý Homuha Kalužsk oblastynyň Kaluga futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada klubyň resmi saýty habar berdi.

52 ýaşly tälimçi bilen iki ýyllyk şertnama baglaşyldy. Onuň tälimçiler ştabynda Wladimir Skokow bilen Daniil Dreswýannikow hem bar.

Kaluga futbol topary 2010-njy ýyldan bäri Russiýanyň Professional futbol ligasynyň üçünji toparynda çykyş edip gelýär.

Pöwrizede doglan Dmitriý Homuha türkmen futbolynyň meşhur uçurymlarynyň biridir. Ol dürli ýyllarda Aşgabatda Waleriý Nepomnýşiý, Täçmyrat Agamyradow ýaly tälimçilerden tälim aldy. Kärýerasyna 1985-nji ýylda Aşgabadyň Kolhozçysynda başlan Homuha Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hem ozalky agzasydyr.

Ýene degişli makalalar

Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Milli žiwopis mekdebiniň halypalary: Ýakup Annanurow
“Agama” alpinistler kluby 25 ýyllygyny belleýär