Dördüsinde azyndan iki çempionlyk gazanan ilkinji tennisçi

/* custom css */ .td_uid_19_60c746f0a62c3_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c746f0a62c3_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Tennis boýunça möwsümiň 2-nji “Uly tuwulga” ýaryşy “Fransiýa Açyk” taryhy final duşuşygy bilen tamamlandy.

Bu ýyl 125-nji gezek geçirilen ýaryşda erkekleriň arasyndaky finalda serbiýaly Nowak Jokowiç bilen gresiýaly Stefanos Sisipas duşuşdy. 1-nji we 5-nji belgili tennisçileriň arasyndaky final oýny 4 sagat 11 minutda tamamlandy. Çekeleşikli geçen duşuşygyň 1-2-nji setinde gresiýaly tennisçi degişlilikde 7:6 we 6:2 hasaplar bilen ýeňiş gazanyp, umumylykda 2-0 öňe saýlandy. Ýarym finalda “Rolan Garrosyň” ägirdi Rafael Nadaly ýeňen Jokowiç ruhdan düşmän 3-nji setde 6:3 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy. 4-nji setde-de 6:2 hasabynda öňe saýlanan Jokowiç umumy hasaby deňlemegi başardy.

Final setinde-de ýeňiş serbiýaly tennisçiniň tarapynda bolup, 6:4 üstün çykan Jokowiç taryhy çempionlyk gazandy. “Fransiýa Açykda” 2016-njy ýyldan soň 2-nji gezek çempion bolan 34 ýaşyndaky Jokowiç karýerasyndaky 19-njy “Uly tuwulga” kubogyny asmana göterdi. Şeýlelikde, 20 “Uly tuwulga” kubokly Rojer Federer bilen Rafael Nadalyň rekordyna bir ädim golaýlan Jokowiç ATP-niň ýaryşlaryndaky 84-njy çempionlygyny gazandy. Şunlukda, Jokowiç “Açyk döwürde” 4 “Uly tuwulga” ýaryşynda azyndan 2 çempionlyk gazanan ilkinji tennisçi boldy.

Galyberse-de, ol “Açyk döwürde” 2-0-dan gelip, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan 6-njy tennisçi hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç ýene lidere öwrüldi
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Daniil Medwedew ATP-niň reýtinginiň başyna geçdi
Nowak Jokowiç ikinji gezek "Roland Garros"-yň ýeňijisi boldy