Dört ýyldan soň Zelenskiý Ukraina üçin "parahatçylygy we adalaty" wada berdi

Dört ýyldan soň Zelenskiý Ukraina üçin "parahatçylygy we adalaty" wada berdi

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky dowam edýän urşuň dördünji ýylynda beren beýanatynda, Ukrainada "parahatçylygy we adalaty ýola goýmak üçin ähli zady etjekdigi" barada söz berdi.

Zelenskiý sişenbe güni Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Bu biziň garşylygymyz we Ukrainanyň şu wagta çenli nähili göreşendigi barada köp zat aýdýar. Bu sözleriň arkasynda millionlarça adamymyz, uly batyrgaýlygymyz, örän güýçli tagallalarymyz, çydamlylygymyz we Ukrainanyň 24-nji fewraldan bäri geçen uzak ýoly bar” diýdi.

Zelenskiý bu döwürde ukrainalylaryň öz garaşsyzlyklaryny we döwlet gurluşlaryny goramagy başarandygyny aýdyp: "Biz Ukrainany goradyk we parahatçylygy we adalaty ýola goýmak üçin ähli zady ederis" diýip belledi.

"Ukrainanyň goranmak senagaty ýeňiş gazanmak üçin işleýär"

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Rüstem Umerow beren beýanatynda: “Ukrainanyň goranmak senagaty ýeňiş gazanmak üçin işleýär. Tehnologiýa söweş meýdanyny üýtgedýär” diýdi.

Rüstem Umerow: "Ukraina adalatly we durnukly parahatçylyk üçin işleýär. Diňe resmi işler üçin däl, eýsem anyk netijeler üçin" diýip belledi.

Kiýew urşuň başlamagynyň 4 ýyly bilen bagly geçirilýän çäreleriň çäginde birnäçe ýokary derejeli halkara şahsyýetleri, şol sanda Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kostany, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeni we Horwatiýanyň, Latwiýanyň, Estoniýanyň, Islandiýanyň, Daniýanyň, Şwesiýanyň we Norwegiýanyň premýer-ministrlerini kabul edýär.

Finlýandiýanyň Prezidenti, Litwanyň Goranmak ministri we Polşanyň Daşary işler ministri hem çärelere gatnaşýarlar.

Mundan başga-da, "Meýletinçiler Koalisiýasynyň" duşuşygyny we "Ukraina-Skandinawiýa we Baltika döwletleri" sammitini onlaýn geçirmek meýilleşdirilýär. Kiýewiň merkezi howpsuzlyk sebäpli şu gün irden ýapyldy.

Ýene degişli makalalar

Geljek hepdeler Ukrainanyň ÝB-ne agzalyk tapgyry üçin örän möhüm bolar
Russiýa: Kiýew bilen resmi aragatnaşyk kanalymyz ýok
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümleriniň netijesinde azyndan dokuz adam ýogaldy
Kreml: ABŞ, Ukraina we Russiýa BAE-de duşuşyk geçirerler
Zelenskiý has köp howa goranyş ulgamyny talap edýär
Zelenskiý Abu-Dabide geçirilen gepleşiklerde energiýa meseleleriniň maslahatlaşylandygyny aýtdy