Döwlet Baştutanymyz Hazar ekologiýa başlangyjyny döretmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Merkezi Aziýanyň Hazar deňzine galtaşýan sebitdigini, özboluşly tebigy toplum bolan bu deňziň Ýer togalagynyň ekologiýasy babatda nähili ähmiýetiniň bardygynyň hemmelere mälimdigini belläp geçdi.

Kenarýaka ýurtlary tarapyndan köpýyllyk tutanýerli we hormat goýmak arkaly alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy düzgünleri işlenip taýýarlandy. Şol sanda esasy resminama Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi diýip , Arkadagly Serdarymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda geçirilen Altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologiýa meselesi boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklandy. Bu bolsa, kenarýaka döwletleriniň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar ekologiýa başlangyjyny döretmek barada teklip girizýär. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologiýa serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologiýa meselelerini çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platformasy bolmaga niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Arkadagly Serdarymyzyň aýtmagyna görä, bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri, edaralary we institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti “Hazar ekologiýa başlangyjyny” döretmegi teklip etdi
26-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy: bir tapgyrda 40 pökgi geçirildi
Kenarýaka döwletler Hazar deňzine keseki harby goşun salmazlyk wadalaryny tekrarlady
Kenarýaka döwletler Hazar deňzine keseki harby goşun salmazlyk wadalaryny tekrarlady
Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi