Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Hojagulyýew Ýalkap Türkmenistanyň müftüsi wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Gurbanmyradow Rahman Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ahal welaýat müdirliginiň başlygy — welaýatyň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsi wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Işangulyýew Wepamuhammet Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäher müdirliginiň başlygy — şäheriň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ahal welaýat müdirliginiň başlygy — welaýatyň baş ymamy wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Agaýew Güýçgeldi Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Ärtogrul Gazy metjidiniň baş ymamy wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäher müdirliginiň başlygy — şäheriň baş ymamy wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanda täze Müfti bellenildi
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň at gazanan halyçysy diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany