Döwlet Baştutanymyz ýapon işewürleri bilen duşuşdy

Döwlet Baştutanymyz ýapon işewürleri bilen duşuşdy

Merkezi Aziýa — Ýaponiýa dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi.

Palace Hotel Tokyo myhmanhanasynda guralan duşuşyga Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, Mitsubishi Corporation, Sumitomo Corporation, Komatsu Ltd., Toyo Engineering Corporation, Kawasaki Heavy Industries, Ltd., Tokyo Boeki Eurasia Limited, Mitsubishi Heavy Industries, Ltd., Sumitomo Heavy Industries Ltd., Tohkemy Corporation, ITOCHU Corporation kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz duşuşygyň başynda türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan şu duşuşygy guramak başlangyjyny öňe sürendikleri üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýapon kompaniýalary bilen ozal ýola goýlan we özüni oňat tarapdan görkezen hyzmatdaşlygyň görnüşlerini yzygiderli çuňlaşdyrmagy dowam etdirýändigini, şol bir wagtda-da täze, has iri maksatlara ýetmäge ymtylýandygyny aýtdy.

Türkmenistan üçin Ýaponiýa ýokary tehnologik ösüşiniň, ykdysadyýete innowasion çemeleşmäniň, senagat ösüşiniň hem-de ekologiýa jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşmasynyň nusgasy bolup durýar.Biziň ýurdumyz öz ykdysady nusgasyny toplumlaýyn esasda özgertmegiň zerurdygyndan ugur alyp, birnäçe ileri tutulýan ugurda ünsi jemledi. Ösüşiň innowasion strategiýalaryny ornaşdyrmak, senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmak, ýaşyl geçiş, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle-de milli we halkara ulag-logistika baglanyşygyny ösdürmek şolaryň hataryndadyr.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ençeme ýyldan bäri üstünlikli iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berip, olary agzalan ugurlarda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge çagyrdy.

Aýratyn-da, öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalar bilen suw üpjünçiligi, suwy arassalamak, galyndylary dolandyrmak, ýaşyl we wodorod energetikasy, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk teklipler beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda işewürler döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, ýapon kompaniýalarynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar.

Türkmenistan

Tokio ş.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — Ýaponiýa sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy